Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Çap edildi 07.04.2018
1910

Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne 12 me­se­le gi­ri­zil­di. Olar sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we bi­lim ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk edil­me­gi­ne, DIM-niň ug­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ra de­giş­li­dir. Howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne, je­na­ýat­çy­ly­gyň gar­şy­sy­na gö­re­şe hem-de hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­ga gar­şy du­rul­ma­gy­na, şeý­le hem hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. We­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da je­na­ýat­çy­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de GDA ýurt­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da yla­la­şy­gyň, 2019 — 2023-nji ýyl­lar üçin je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­me­giň bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri­niň döw­le­ta­ra mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­na we beý­le­ki­le­re ga­ra­dy­lar. Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar iri se­bit tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler, ola­ra di­ňe GDA-nyň ag­za döw­let­le­ri däl-de, eý­sem, Ar­ka­la­şy­ga gir­me­ýän ýurt­lar hem gat­naş­ýar­lar. Dä­be öw­rü­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar he­mi­şe Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giň mö­hüm oňyn şer­ti bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti GDA ýurt­la­ry­nyň ça­ga­lar, ýaş­lar we ze­nan­lar gu­ra­ma­la­ry­nyň, bi­lim we ylym eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem sport jem­gy­ýet­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek ug­run­da çy­kyş et­di, mu­nuň özi köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi we baý maz­mun ber­mä­ge ukyp­ly­dyr. Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň we öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we çuň­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyp, GDA-nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge we çuň­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem saý­law­la­ra syn et­mek bo­ýun­ça işiň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Mej­li­siň işi­niň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy ta­ra­pyn­dan 2017-nji ýyl üçin Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da köp­de­re­je­li ge­ňeş­me­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň ama­la aşyrylyşy ha­kyn­da Çöz­gü­de hem-de 2018-nji ýyl üçin me­ýil­na­ma, şeý­le hem 2021-nji ýy­ly Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da Bi­na­gär­lik we şä­her­gur­lu­şyk ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Çöz­gü­de gol çe­kil­di. Bu baş­lan­gyç ozal So­çi şä­he­rin­de GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan be­ýan edil­di. GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy — Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­de­wiň ha­bar ber­şi ýa­ly, GDA-nyň ýurt­la­ry­nyň DIM-le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni 27-nji sent­ýabr­da Du­şen­be­de ge­çir­mek ka­rar edil­di.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow