Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy
Çap edildi 08.04.2018
1827

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna saryja goýunlaryň ýüňi, nah ýüplük, pagta-süýümi, aýna, portlantsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Türkiýe, Owganystan, Ermenistan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 416 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 196 müň manatlykdan gowrak bolan saryja we garaköli goýunlaryň ýüňüni, nah ýüplük satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 958 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow