06.04 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annameredow Baýram Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
06.04 2018
Şu günler Türkmenistanda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» we «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary esasynda saýlanylan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary özleriniň birinji mejlislerini geçirýärler. Mejlislerde halk maslahatlarynyň başlygy we orunbasary, Geňeşleriň arçyny we kätibi saýlanylýar.
05.04 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy.
05.04 2018
05.04 2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly içeri syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 2017-nji ýylyň netijeleri hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu ulgam dünýä ülňüleriniň derejesine çykdy.
04.04 2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi.
04.04 2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi.
04.04 2018
Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça pudaklaryň eýe bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak wezipesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
03.04 2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
03.04 2018
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
1524 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa