11.05
2018
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
10.05
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
10.05
2018
Şu gün Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.
10.05
2018
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynda öýlere göçüp baranlara açarlary gowşurmak dabarasy boldy.
09.05
2018
Şu gün Türkmenistanda adamzadyň parahatçylyga, dostluga, ynsanperwerlige we halklaryň jebisligine bolan telwasyny aňladýan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
09.05
2018
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-nyň) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan iki günlük duşuşyk Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek meselesine bagyşlandy.
09.05
2018
“Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ýardam bermeginde “Nebit-gaz” gazeti tarapyndan nebitgaz pudagyna degişli iň gowy ylmy-wagyz makalalaryny ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.
09.05
2018
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
09.05
2018
Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar.
08.05
2018
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz,
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli meniň gutlaglarymy kabul ediň!