Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 08.05.2018
1713

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli meniň gutlaglarymy kabul ediň! Biz bu gün Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda hem-de zähmet çekmekde jan aýaman azatlygymyzy we garaşsyzlygymyzy gorap, biz üçin ýeňiş gazananlaryň atlaryny ýatlaýarys. Ýowuz uruş ýyllarynda synagdan geçen we taplanan ýurtlarymyzyň halklarynyň dostlugynyň has-da pugtalandyrylmagynyň wepat bolanlara hem-de häzir aramyzda ýaşap ýörenlere iň oňat hormat-sarpamyz boljakdygyna ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu nurana baýramçylykda ýeňiş gazanmaga goşan goşantlary üçin uruş weteranlaryna minnetdarlyk sözlerimi, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin. Hormatlamak bilen, Nursultan NAZARBAÝEW, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Biziň umumy baýramçylygymyz — Beýik Ýeňiş güni mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň ähli dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen ýollaýaryn. Möçberi boýunça görlüp-eşidilmedik heläkçilikli bu urşuň ähli kynçylyklaryny biziň halklarymyz egin-egne berip çekip, mertlik hem-de gahrymançylyk görkezdiler, adamzadyň rehimsiz we mekir duşmany bolan faşizme garşy göreşde onlarça million adamlar başyny goýup, öz azatlygyny hem-de garaşsyzlygyny goradylar. Ýowuz synagy başdan geçiren halklarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirýärin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, uruş weteranlarynyň hem-de tylda zähmet çekenleriň ählisine uzak ömür, saglyk we ruhubelentlik baradaky arzuwlarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin. Hormatlamak bilen, Emomali RAHMON, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş gününiň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! Şu şanly gün biz mähriban toprak, azatlyk, garaşsyzlyk hem-de tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin göreşde deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk, batyrlyk we gahrymançylyk görkezen esgerlerimiziň hem-de halklarymyzyň edermenligini aýratyn buýsanç duýgusy bilen ýatlaýarys. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynyň söweş meýdanlarynda öz janyny gurban eden gahrymanlara iň oňat hatyradygyna ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, unudylmajak şu günde Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň ähli halkyna asuda asman, durnuklylyk we gülläp ösüş arzuw etmäge rugsat ediň! Hormatlamak bilen, Sooronbaý ŽEENBEKOW, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Palestina Döwletiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de bagtyýarlyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. Biz halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklarymyza gadyr goýýarys we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris. Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul ediň! Mahmud ABBAS, Palestina Döwletiniň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi hem-de dostlukly Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu dabaraly günde biz Beýik Watançylyk urşunyň esgerleriniň baky gahrymançylygyna hormat goýýarys. Olar parahat durmuşa, azatlyga we garaşsyzlyga bolan mukaddes hukugy goradylar. Uruş ýyllarynda taplanan halklarymyzyň agzybirliginiň Russiýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara bagtyýarlyk, uzak ömür we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Dmitriý MEDWEDEW, Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow