Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Nebitgaz pudagy baradaky makalalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Jemgyýet
Nebitgaz pudagy baradaky makalalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Çap edildi 09.05.2018
2088

“Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ýardam bermeginde “Nebit-gaz” gazeti tarapyndan nebitgaz pudagyna degişli iň gowy ylmy-wagyz makalalaryny ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-tehniki syýasaty, alymlaryň we hünärmenleriň geologiýa, gazyp çykarmak, ulag, nebit we gazy saklamak we gaýtadan işlemek ulgamynda geçiren barlaglarynyň netijeleri, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary, iň täze tehniki işläp taýýarlamalar, olaryň ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda ornaşdyrylyşy barada gürrüň berýän makalalaryň onlarçasy çap etmek üçin saýlanyp alyndy. Şu gün “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binasynda redaksiýanyň işgärleriniň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hem-de çagyrylan myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly serişdeler, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Nebitiň we gazyň çykarylyşynyň we eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagy, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek üçin geologiýa-gözleg işleriniň giňeldilmegi bilen bir hatarda geljegi uly gaz ýataklarynyň ýokary depginlerde senagat taýdan özleşdirilmegine, energetika toplumynyň kärhanalarynyň tehnika we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, häzirki zaman düzümleriniň, nebit we gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan, ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlaryň her birinde uly üstünlikler gazanyldy, şeýle netijeler milli Liderimiz tarapyndan ylmyň we bilimiň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň netijesinde mümkin boldy. Geljegi uly ylmy-barlaglaryň, tejribe-synag hem-de tehnologiýa işläp taýýarlamalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýän iri möçberli maýa goýum serişdeleri muňa şaýatlyk edýär. Çykyş edenler ylmy işleri alyp barmak üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi hem-de ähli şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we türkmen ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistanyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirmegi üçin ähli güýjüni we zehinlerini aýamajakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdylar. Soňra bäsleşigiň ýeňijilerini — ilkinji üç orny, ikinji üç orny we üçünji üç orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy boldy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň ylmy-taslama institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň işgärleri, şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplarynyň biri bar. Dabara sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň – nebitgaz toplumynyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň konserti bilen tamamlandy.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow