Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş Baýramy bilen gutlaýarlar
Syýasy habarlar
Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş Baýramy bilen gutlaýarlar
Çap edildi 09.05.2018
1716

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi we Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý biziň umumy beýik baýramymyzdyr. Bu gün biz atalarymyzyň - frontçularyň, tylyň zähmetkeşleriniň janyny orta goýup, faşizme garşy durmakda görkezen deňsiz-taýsyz edermenliklerini ýatlaýarys. Uruş ýyllarynda taplanan şöhratly dostluk we birek-birege düşünişmek däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin pugta binýat boljakdygyna ynanýaryn. Beýik Watançylyk urşunyň Siziň ýurduňyzda ýaşaýan ähli weteranlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin. Hormatlamak bilen, Wladimir PUTIN, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Belarus Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Uruş ýyllarynyň agyr synagyny geçen frontçularyň we tylyň zähmetkeşleriniň edermenliklerinde biziň doganlyk halklarymyzyň bitewüligi, mizemez ruhy we Watana bolan çuňňur söýgüsi öz beýanyny tapdy. Söweş meýdanlarynda gurban bolan gahrymanlar hakyndaky ýatlamalar, biziň erkin we garaşsyz durmuşymyzy gorap saklanlara çuňňur hoşallyk duýgulary asyrlarboýy öçmez we däp bolan dostlukly belarus-türkmen gatnaşyklary üçin pugta esas bolup hyzmat eder. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlik, Siziň ýurduňyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, ylalaşyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Aleksandr LUKAŞENKO, Belarus Respublikasynyň Prezidenti. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzat taryhynda iň weýrançylykly we gan döküşikli uruşda hem-de tylda görkezilen deňsiz-taýsyz gahrymançylyk, edermenlik, sabyr-kanagat hem-de gaýduwsyzlyk biziň halklarymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna hemişelik girdi. Uruş ýyllarynyň ýowuz synaglaryny geçen halklarymyzyň arasyndaky dostluk we birek-birege goldaw bermek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy we iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size, uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň tutuş halkyna parahatçylyk, abadançylyk, uly üstünlik arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham ALIÝEW, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow