30.06 2018
Şu gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda şanly waka — Berdimuhamet Annaýewiň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esger borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.
29.06 2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi.
29.06 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
29.06 2018
Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan däplerine laýyklykda, Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna, il-ýurt abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.
29.06 2018
Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siz öz ýurduňyzyň has-da ösmegi üçin uly tagallalary edýän parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde Watanyňyzda hem-de daşary ýurtlarda uly hormatdan peýdalanýarsyňyz. Russiýada döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy, ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek boýunça edýän tagallalaryňyza ýokary baha berýärler.
29.06 2018
Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşy giň möçberli işler hem-de uly üstünlikler bilen kesgitlenilýär. Täze eýýamyň şöhratly ýyl ýazgysy hem şolardan emele gelýär. Biziň gazananlarymyzy näme bilen ölçemek bolýar? Çünki olar diňe bir sanlarda we maglumatlarda beýan edilmän, eýsem, täze döwrüň ruhunda, onuň döredijilik ýagdaýynda hem-de ägirt uly özgertmeleriň depgininde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda şeýle diýdi:
29.06 2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.06 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary - “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi.
29.06 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
28.06 2018
Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar — ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý gelip gowuşdy. Ýetilen sepgit gallaçylaryň esasy wezipesiniň - ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.
1524 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa