05.07
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda esaslandyrylan hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy.
05.07
2018
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär. Her bir raýatyň erkin hem-de mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär we ýeterlik goldaw berýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.
04.07
2018
Döwlet baştutany Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny bellemek barada resminamalara gol çekdi
04.07
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOÝ) baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi.
04.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hoja Sapargeldyýewiç Öwezow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.
03.07
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu kabul etdi.
02.07
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
01.07
2018
Şu gün Türkmenistanyň Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwaly açyldy.
01.07
2018
Ozal habar berlişi ýaly, şu aýda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki syýasy forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň wekiliýetiniň öňde boljak foruma gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini we halkara guramalaryň 50-den gowragyny özünde jemleýär.
30.06
2018
Şu gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda şanly waka — Berdimuhamet Annaýewiň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esger borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.