Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokary ruhubelentlik — Watanymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy
Jemgyýet
Ýokary ruhubelentlik — Watanymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy
Çap edildi 29.06.2018
1918

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan däplerine laýyklykda, Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna, il-ýurt abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi. Bu metjit 2009-njy ýylda Marynyň merkezinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýardam etmegi bilen bina edildi. Döwlet Baştutanymyz Murgap jülgesiniň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan metjidi gurmak üçin serişde berdi. Şunuň bilen baglylykda, dindarlaryň islegi boýunça welaýatyň metjidi Gurbanguly hajy adyna eýe boldy. Bu metjidiň gurulmagy — döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň amala aşyrylmagynyň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilen raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine uýmak erkinliginiň berk berjaý edilmeginiň aýdyň mysallarynyň biridi. Mawy gümmezli hem-de dört minarasy bolan ak mermerli metjit şäheriň gözellikleriniň birine, gadymy Merwiň mynasyp mirasdüşeri Mary şäheriniň binagärlik toplumynyň hakyky bezegine öwrüldi. Metjit milli binagärligiň iň gowy däplerinde guruldy. Mozaika nagyşly, depesinde gyzyl çaýylan ýarymaý bolan baş gümmeziň diametri 24 metre barabardyr. Her minaranyň beýikligi 63 metre deňdir. Metjidiň namaz okalýan zaly bir wagtda iki ýarym müň adamyň namaz okamagy üçin, ikinji gaty bolsa aýal-gyzlar üçin niýetlenendir. Gümmezi her haýsynyň aralygy 24 metrden ybarat bolan sütünleriň sekizisi saklaýar. Metjidiň içinde timarlaýyş işleri geçirilende mermer, granit hem-de gymmat bahaly agaçlar ulanyldy. Gurhandan süreleri hem-de Allanyň ady getirilýän gadymy arap ýazgylary metjidiň merkezinde aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem olar metjidiň ak mermerli ýüzüni bezeýär. Mawy gümmezler keramika hem-de altyn çaýylan ýarym aýlar bilen bezelipdir. Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite desga, däp-dessurlary berjaý etmek üçin bina, myhmanhana we beýleki zerur bolan desgalar bar. Tomsuň yssy günlerinde suw çüwdürimli bagda dynç almak bolar, bu ýerde amatly oturgyçlar oturdyldy. Owadan çüwdürimler metjidiň merkezi basgançaklaryna hem bezeg berýär. Abadanlaşdyrmak işleri geçirilenden soň, Gurbanguly hajy metjidi täze keşbe eýe bolup, özüniň ajaýyplygy bilen şäher ilatynyň we köp sanly zyýaratçylaryň gözüni dokundyrdy. Metjitler musulman dünýäsinde ylym we bilim merkezleri bolup, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň jemlenýän ýeri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan ynsanperwer kanunlaryna hem-de belent ahlak çelgilerine laýyklykda gurýarys. Türkmen döwleti dine erkin uýmak azatlygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär, her bir musulman üçin her ýyl mukaddes bolan haj parzyny berjaý edýän dine uýýan adamlara ýardam edýär. Bu gün bina edilen dini desgalar jemgyýetde raýat ylalaşygyny berkitmäge hem-de milletiň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamatlylygyna hyzmat edýär. Şu günki wakanyň hormatyna hem-de Türkmenistanyň Baştutanynyň baş saglygyna Gurbanguly hajy metjidinde toý sadakasy berildi. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, Mary welaýatynyň häkimliginiň wekilleri, sebitiň etraplarynyň we şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ýaşulular metjide girip, iki rekat metjit namazyny okadylar. Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe joşgunly durmuşa we zähmet çekmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge hem-de ata Watanymyza tutanýerli gulluk etmäge çagyrýan wesýetler aýdyldy. Soňra metjidiň ýanyndaky sadaka berilýän binada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna, il-ýurt abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi. Toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde il agzybirligi, ýurt abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, il-halk, döwlet bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagy dileg edildi.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow