Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2018
1567

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary - “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de doglan güni mynasybetli milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistan doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, ýurdumyzyň hem goňşy döwlet bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika ulgamlarynda hem-de beýleki pudaklarda uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ulag ulgamynda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň geljegi uly hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ýokary derejede, şol sanda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi. Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk ynsanperwer gatnaşyklaryny höweslendirmegiň wajypdygy nygtaldy. Türkmen we özbek halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy umumylyk ynsanperwer gatnaşyklaryň özenini düzýär. Häzirki döwürde Medeniýet günleri ýaly özara döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ylym-bilim ulgamynda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek üçin hem oňat mümkinçilikler bar. Bellenilişi ýaly, Özbegistan ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň ählisini, şol sanda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmek baradaky başlangyçlaryny goldaýar hem-de şu we beýleki sport çärelerine gatnaşmaga taýýardyr. Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow