26.07
2018
Sizi Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň, netijeli hyzmatdaşlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň miwesi hökmünde şu gün dabaraly açylýan 110 kilowoltlyk Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.
25.07
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
25.07
2018
Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirmeginde möhüm tapgyr bolar.
25.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 5 — 27-nji awgusty aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 153 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.
24.07
2018
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda gurulýan iri desgalar, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wakalar hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Şolarda täzeçil inženerçilik çözgütleri we tehnologiýalary beýan edilýän seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşlerini döretmek we pudagyň dünýä ösüşi babatdaky meýiller beýan edilýär.
24.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
23.07
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
23.07
2018
Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.
23.07
2018
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy.
23.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Permana gol çekip: