31.07
2018
Begenç Şadurdyýewiç Çaryýewi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellemeli.
30.07
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli maslahaty geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
30.07
2018
Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
28.07
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
27.07
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi.
27.07
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
P.H.Durdyýew hakynda
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Hommadowiç Durdyýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
27.07
2018
Iýul aýynyň başynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forumyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hünärmenleriň arasynda Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň ýurdumyzda milli derejede nähili uýgunlaşýandygy barada pikir alyşmalar boldy.
26.07
2018
Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
26.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp baran köptaraply işini hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän neşiriň 10-njy goýberilişi çapdan çykdy. Nobatdaky neşir ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanylmagy mynasybetli milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip atlandyrylan 2016-njy ýyla bagyşlanyldy.
26.07
2018
Türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna nobatdaky şöhratly sahypa ýazyldy. Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.