23.07 2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýagmyr Mämijikowiç Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory wezipesine bellenildi.
23.07 2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory wezipesinden boşadyldy.
22.07 2018
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahana açyldy. Bu özboluşly edaranyň mümkinçilikleri daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan, şol sanda Owganystandan näsaglary kabul etmäge-de mümkinçilik berýär.
22.07 2018
Mary şäherinde welaýatyň körpelerine hyzmat etjek täze dört gatly çagalar hassahanasy işläp başlady, bu ýerde tutuş Mary welaýatyndan körpelere hyzmat ediler. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda açylan hassahananyň esasy wezipesi innowasion usullar arkaly keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybaratdyr. Hassahana öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär.
21.07 2018
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bina edilen täze desgalaryň açylyş dabaralary uly baýramçylyga öwrüldi.
21.07 2018
Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zy bat­ly dep­gin­ler bi­len se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan ug­ru­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
21.07 2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
21.07 2018
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri! Gadyrly lukmanlar!
20.07 2018
Şu gün türkmen paýtagtynda “Saglyk - 2018” atly halkara sergi işe başlady, onuň çäklerinde ylmy maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça mejlis geçirilýär. Däp boýunça lukmançylyk forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
20.07 2018
Nýu-Ýorkda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forum Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de olara ýetmegiň netijeli ýollaryny gözlemäge bagyşlandy.
1524 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara