Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatlar kämilleşdirilýär
Jemgyýet
Demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatlar kämilleşdirilýär
Çap edildi 26.07.2018
2422

Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar. www.railway.gov.tm. internet-saýtynyň döredilmegi demir ýol ulaglaryndan peýdalanýanlar üçin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ýolagçy gatnawlarynyň onlaýn-tertipnamasy elýeterli boldy. Maglumatlara girmek üçin aňrybaş ýeňillikleri döretmek maksady bilen “Demir ýol” ady bilen Android we iOS binýadynda ykjam telefonlar üçin ýörite gollanmalar işlenip taýýarlanyldy. Ol ýolagçylara gatnawlaryň ugry bilen tanyşmaga onlaýn-tertibinde mümkinçilik berýär. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki tertipnama zerur bolan ugry dessine tapmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin saýty ulanyjy ýokary tizlikli ýa-da goşmaça düzümleri saýlap almak arkaly şolaryň ugradylýan hem-de barýan ýerlerini görkezýär. Saýty ulanyjylar degişli gözlegi amala aşyryp, zerur bolan ýolagçy gatnawlarynyň ugraýan hem-de gelýän wagtyny bilmäge, şol ýoluň ugrundaky duralgalaryň atlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle hem müşderilere edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Kerwen” myhmanhanasynda demir ýol peteklerini satýan ýörite bölüm açyldy. Munuň özi myhmanhanada dynç alýan syýahatçylara islendik wagty petek satyn almaga ýa-da ony çalşyrmaga kömek edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösüşi türkmen topragynyň gadymy ýörelgesi bolan medeniýetleriň çatrygyna hyzmat etmäge gönükdirilmelidir. Demir ýol ulaglary düzümini döwrebaplaşdyrmak, onlaýn-tertibinde ýolagçylar üçin zerur maglumatlaryň üpjünçiligini döretmek jahankeşdeler üçin aňrybaş şertleri döredýär we ýolagçy gatnatmagyň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýolagçylaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow