02.11
2018
Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi.
02.11
2018
Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmetkeşleri döwlete “ak altyn” satmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 14 müň 950 gektar meýdanda gymmatly ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagtanyň 46 müň 400 tonnadan gowragyny ýygnap aldylar hem-de kabul ediş bölümlerine tabşyrdylar.
02.11
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.
01.11
2018
Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy.
01.11
2018
Paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
01.11
2018
Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda açylýan Russiýanyň kino günleriniň çäklerinde rus kinematografiýaçylary tarapyndan dürli ýyllarda döredilen çeper filmleriň dokuzysy görkeziler.
01.11
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
01.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.
01.11
2018
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ekerançylary Watan harmanyna 44 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
01.11
2018
Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir.