Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Saýat etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Ykdysadyýet
Saýat etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Çap edildi 02.11.2018
2545

Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmetkeşleri döwlete “ak altyn” satmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 14 müň 950 gektar meýdanda gymmatly ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagtanyň 46 müň 400 tonnadan gowragyny ýygnap aldylar hem-de kabul ediş bölümlerine tabşyrdylar. Saýatly ekerançylaryň zähmetiniň netijeliligi köp babatda olaryň pagtany elde ýygmak bilen birlikde, häzirki zamanyň ýöriteleşdirilen tehnikalaryny hem üstünlikli ulanmagynyň netijesinde mümkin boldy. “Çekiç”, “Awçy” we “Bereket” daýhan birleşikleriniň ekerançylary pagta ýygymy möwsüminiň gahrymanlary boldular. Häzirki günde “Awçy” hojalygynyň ekerançylary döwlete “ak altynyň” 4,9 müň tonna golaýyny, şol sanda bellenilen möçberden artyk 280 tonna pagta tabşyrdylar. “Bereket” daýhan birleşiginiň pagtaçylary hasyl ýetişdirmek üçin bölünip berlen 1385 gektardan döwlet harmanyna 4 müň 735 tonna pagta tabşyryp, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny 320 tonnadan gowrak artygy bilen berjaý etdiler. “Çekiç” daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri 910 gektar meýdandan pagtanyň ortaça hasyllylygyny 35 sentnere çenli ýetirmegi başardylar. Bu bolsa olara 3 müň 350 tonna, şol sanda bellenen möçberden artyk 280 tonnadan gowrak pagta tabşyrmaga mümkinçilik berdi. Etrabyň ençeme tejribeli kärendeçileri möwsümde has ýokary netijeleri gazandylar. Olaryň arasynda “Bereket” daýhan birleşiginden G.Kerkiýew bar. Ol 3,8 gektar kärende ýerinden boldumly hasyl ýetişdirmegi başardy hem-de kabul ediş bölümlerine 25 tonnadan gowrak gymmatly çig maly tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny 2 essä golaý artygy bilen berjaý etdi. Kärendeçi M.Ýagmyrowa hem şeýle üstünlik bilen tapawutlandy. Ol 1 gektar meýdandan şertnamalaýyn borçnamasynda bellenilen 3,69 tonna derek “ak altynyň” 6,6 tonnasyny tabşyrdy. Kärendeçi B.Myradow 2 gektar kärende meýdanyndan döwlet harmanyna “ak altynyň” 11,2 tonnasyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyndan 3,8 tonna pagtany harmana artyk goşdy. Etrabyň pagta ýetişdirilen meýdanlarynda heniz hasyl köp. Şoňa görä-de, şertnamalaýyn borçnamalar berjaý edilenden soň hem möwsümiň depgini peselmeýär. Saýatly ekerançylar gymmatly hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen yhlasly zähmet çekýärler.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow