05.11
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy.
05.11
2018
Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi.
05.11
2018
Diýarymyzyň pagtaçylary şanly sepgidi eýelediler — ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine «ak altynyň» 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.
05.11
2018
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylary Daşoguz welaýatynda ilkinji bolup, döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Watan harmanyna 47 müň 200 tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy. Şu günler etrabyň ekerançylary ýetişdirilen bol hasyly iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamak ugrunda ähli tagallalary edýärler.
04.11
2018
Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi.
04.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirilmeginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, pudagyň düşewüntliliginiň artdyrylmagyna, düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli görnüşli önümçilikleriň möçberiniň köpeldilmegine gönükdirilen oba hojalygyny özgertmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
04.11
2018
Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi.
04.11
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
02.11
2018
Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar.
02.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy.