Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watançy nesli kemala getirmek — enäniň belent wezipesi
Jemgyýet
Watançy nesli kemala getirmek — enäniň belent wezipesi
Çap edildi 25.11.2018
2048

Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna bagyşlanan giň gerimli jemgyýetçilik çäreleri ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Bu çäreleri Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimligi guradylar. Çäreleriň hatarynda welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen “Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk” atly maslahat bar. Oňa ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, hormatly eneler, okuwçy ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri zenanlara belent sarpa goýýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet özgertmeleriniň geçirilýän döwründe aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuny has-da giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Maslahata gatnaşyjylar enelik we maşgala, ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň milli Liderimiziň üns merkezinde durýandygyny çuňňur hoşallyk bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň mysalynda türkmen jemgyýetiniň ösmeginde enäniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň öz kitabynda belleýşi ýaly, tutuş dünýäde enä mukaddeslik hökmünde belent sarpa goýulýar. Bu däbi mynasyp dowam edip, ony nesilden-nesle aýawly geçirmek biziň borjumyz bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde sergi guralyp, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine esasy orun berildi. Çäreleriň çäklerinde oňa gatnaşyjylar taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatryna baryp gördüler, bu ýerde “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” kitaby boýunça taýýarlanylan “Döwrüň enä bagyş eden ajaýyp dessany” atly sahnalaşdyrylan tomaşa görkezildi. Köneürgenç şäherinde olar binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar, şeýle hem “Bitin çörek — bitin rysgal” ady bilen geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna tomaşa etdiler. Bu bäsleşik milli aşpezlik sungaty, däp-dessur baradaky düşünjeler boýunça ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda guraldy.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow