15.07
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi.
14.07
2019
Şu gün Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.
14.07
2019
Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar.
14.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bu täsin söwda ýoly bilen baglanyşykly taryhy künjekleriň örän möhüm ähmiýeti barada gürrüň berýär, bu ýol köp asyrlaryň we hatda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň halklaryny birleşdirmek üçin hyzmat edipdir.
14.07
2019
Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde «Altyn Garagöz» ady bilen halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşigi tamamlandy, bu bäsleşikde «Laçyn» tans-saz folklor topary ikinji orny eýeläp, kümüş kuboga we uly pul baýragyna mynasyp boldy.
14.07
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Hydyrmämedowiç Aradow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.
13.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Gitanas Nauseda Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady.
13.07
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 148-si hasaba alyndy.
13.07
2019
Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9 — 14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi.
12.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.