Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen artistleri — halk tanslarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda
Medeniýet
Türkmen artistleri — halk tanslarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda
Çap edildi 14.07.2019
2339

Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde «Altyn Garagöz» ady bilen halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşigi tamamlandy, bu bäsleşikde «Laçyn» tans-saz folklor topary ikinji orny eýeläp, kümüş kuboga we uly pul baýragyna mynasyp boldy. «Laçyn» tans-saz folklor topary bu abraýly bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de adatlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezdiler. Artistleriň ajaýyp milli lybaslary, nepis nagyşlar bilen bezelen şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu toparyň şu gezekki üstünligi, olaryň ussatlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň sahna keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi hem-de ukyp-zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme döretdi. Medeniýet gujur-gaýratyň çäksiz çeşmesidir. Ol her günde her bir halkyň milli aýratynlyklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu bäsleşik Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň howandarlygynda geçirildi, bu guramanyň esasy işi türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmekden, umumy maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamakdan hem-de geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Bu halkara bäsleşigi diňe bir türki dilli halklaryň arasynda meşhur bolmak bilen çäklenmeýär. Şu gezekki tans boýunça bäsleşiklere ýigrimi alty ýurtdan, şol sanda Dagystandan, Meksikadan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan folklor toparlary gatnaşdylar. «Laçyn» topary 2008-nji ýylda döredildi. Bu döredijilik toparynyň döredilmeginiň maksady folklor mirasyny, milli tansy, halk aýdymlaryny gaýtadan dikeltmekden hem-de şonuň esasynda häzirki zaman türkmen sungatyny baýlaşdyrmakdan ybarat. Tans-saz topary uzak bolmadyk döwrüň dowamynda özboluşly döredijilik ýoluny tapyp, uly üstünlikleri gazandy. 2014-nji ýylda «Laçyn» topary Krasnoýarsk we Açinsk şäherlerinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiň ýurtlarynyň halkara saz festiwalynda çykyş edip, tomaşaçylara «Arkadag», «Asuda asmanyň laçynlary», «Bagt kerweni» we beýleki meşhur halk aýdymlaryny, tanslary, folklor we häzirki zaman aýdymlaryny täzeden işlenen görnüşde ýetirdi. «Laçyn» tans-saz toparynyň agzalary Watanymyza gaýdyp gelen badyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň milli medeniýetiniň ösdürilmegine berýän uly ünsi hem-de halkara bäsleşiklerine we festiwallaryna gatnaşmak bilen türkmen halkynyň baý mirasyny wagyz etmäge döredilen mümkinçilikler we belent hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow