11.07
2019
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, şolary ýerine ýetirmek üçin täze, döwrebap çözgütleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady.
10.07
2019
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
10.07
2019
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
10.07
2019
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç KUZMINI Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
09.07
2019
Sizi berkarar ýurdumyzda galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!
09.07
2019
Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
08.07
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Egil Lewitse Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady.
08.07
2019
Şu gün Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
08.07
2019
Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy.
08.07
2019
Şu gün ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy.