Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýy artýar
Sport
Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýy artýar
Çap edildi 31.07.2019
4540

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlanýar. Şeýle giň gerimli ýaryşlara taýýarlyk görmek işleri Döwlet Baştutanymyzyň 18-nji iýunda gol çeken resminamalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 2020-nji ýylyň noýabr aýynda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek tabşyryldy. Resminama laýyklykda guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Mundan başga-da, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen ylalaşyp, sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Düzgünnamany işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak tabşyryldy. Şeýle hem, 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ugurda öňe sürilýän başlangyçlar ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna hem-de halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Döwletiň abraýy hem-de onuň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky orny birnäçe ýagdaýlar bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan öz daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk döredijilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýär. Häzir Bitarap Watanymyz halkara sport giňişliginde ajaýyp üstünlikleri gazanýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň sport döwleti hökmündäki abraýyny belende göterdi, şol bäsleşiklerde biziň ýygyndy toparlarymyz 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç — jemi 245 medal gazanyp, Garaşsyz Türkmenistanda sportuň okgunly ösüşini bütin dünýä äşgär etdi. Halkara sport kongresiniň «Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy» Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde resminama hökmünde kabul edilendigini bellemeli. Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda «Parahatçylygy we adam hukuklaryny pugtalandyrmakda bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşandyny höweslendirmek hakynda» Jarnama biragyzdan kabul edildi. Bu taryhy wakalar Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galýandygyny, dünýä sport giňişliginde amala aşyrýan üstünlikli hereketleriniň ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Žurnalistleriň, türgenleriň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, köp sanly hormatly myhmanlaryň umumy pikirine görä, Aşgabat diňe bir Aziadany däl, eýsem, olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mynasyp şäher. Munuň üçin bolsa ähli zerur şertler, şol sanda iň häzirki zaman sport düzümi bar. Ýokary derejedäki we giň möçberli çäreleri geçirmek ägirt uly jogapkärçilik bolup durýar. Türkmen paýtagty öňde goýlan wezipä üstünlikli hötde gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmündäki wezipesini doly derejede amala aşyrdy. 2018-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» iri sport çäresi üstünlikli geçdi. Onuň dowamynda ýeňil atletika we welosipedli ýöriş çäreleri, halkara awtoralli geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şol ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde başlanýan köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Onuň ugrunyň häzirki döwürde täze hil derejesinde täzeden dikeldilýän gadymy ýoluň—Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçmeginde çuňňur many bar. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň çägi rowaýata öwrülen bu ýoluň ýüregidir. Awtoralli ýaryşlaryny geçirmek döwletimiziň dünýäniň awtomobil sportuny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini äşgär etdi. Sportuň bu görnüşiniň ösdürilip başlanan mahalyndan köp wagt geçmedik hem bolsa ýurdumyzda bu ugurda ägirt uly işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllaryndan başlap, awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandy we dürli ýaryşlara gatnaşdy. Hut milli Liderimiziň başlangyjy we goldaw bermegi netijesinde, paýtagtymyzda awtomobil sporty merkezi açyldy, ýokary tizlikli sport awtoulaglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär, bu bolsa ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyny höweslendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaryş ulaglaryny ussatlyk bilen dolandyrmagy ýaş türgenler üçin nusgalyk mekdepdir. Milli Liderimiziň bu abraýly ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde, geçen ýylyň 12-nji maýynda geçirilen saýlama ýaryşlaryna gatnaşmagy we şonda ýokary netije görkezmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň sport ussady» diýen derejäniň berilmegi hem-de bu ýaryşlaryň ýeňijisi hökmünde kubogyň we «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşmaga hukuk berýän güwänamanyň gowşurylmagy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bellenilen aralygy ýokary tizlikde geçmegi milli ýygyndy toparymyz üçin buýsançly waka öwrüldi. Ýaryşa görlen taýýarlygyň we onuň guramaçylyk derejesinden hem-de onuň geçişinden çen tutsaň, bu çäre köp sanly tomaşaçylaryň hem-de janköýerleriň ýadynda ýene-de uzak wagtlap saklanjakdygy we awtomobil sportunyň ösdürilmegini şertlendirjekdigi gürrüňsizdir. 2018-nji ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa dünýäniň dürli künjeklerinden, Amerika Ýewropa, Afrika, Aziýa we Okeaniýa döwletlerinden güýçli agyr atletikaçylar gatnaşdylar. Bu ýaryşlary guramaçylykly geçirmäge örän çynlakaý, jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler we bu abraýly ýaryşlaryň geçirilmegine gatnaşýan ähli wekiller hem-de myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler üpjün edildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan 500-e golaý meýletin ýardamçylar taýýarlanyldy. Çempionaty mynasyp derejede wagyz etmek boýunça zerur çäreler görüldi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde resmi web-saýtlar herekete girizildi. Mundan başga-da, bäsleşigiň geçişi baradaky maglumatlar «EURONEWS» teleýaýlymynda we 145 ýurduň teleýaýlymlarynda beýan edildi. «Adamyň beden we ruhy sagdynlygyny saklamak hakynda gürrüň edilende, sport çärelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Sport erki taplamaga, ukybyňy amala aşyrmaga we zehiniňi ýüze çykarmaga ýardam berýär. Sport çärelerinde sagdyn durmuşyň, belent ruhuň gözbaşy bardyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlara gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi. Garaşsyz döwletimizde bu ugurda oňyn tejribe toplanyldy we agyr atletika boýunça meşhur türgenler bar. «Türgenler — parahatçylygyň ilçileri. Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda açyk bäsleşikde öz ussatlygyňyz we erkiňiz bilen ýeňşe, Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ýetmäge çalyşmalysyňyz» diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda nygtady hem-de türgenleriň dünýä bäsleşiklerinde giň möçberli halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge ukyply bolan Türkmenistana mynasyp wekilçilik etjekdiklerine ynam bildirdi. Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ýaryşlar agyr atletika boýunça Halkara federasiýasynyň agram derejelerini üýtgedeninden soň, ilkinji gezek geçirildi hem-de Tokioda boljak Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan hukugy eýelemegiň ýolundaky ilkinji ädime öwrüldi. Giň gerimli ýaryşlaryň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin niýetlenen Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçirildi. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde iň iri bu sport toplumy uly ýaryşlary guramak, türgenleri taýýarlamak we saglygyny berkidýänler üçin türgenleşikleri geçirmek üçin peýdalanylýar. Bu ýerde Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleşik geçýändigini bellemek gerek. Bu iri sport toplumy 40-a golaý desgany we ýokary tehnologiýaly düzümi hem-de amatly şertleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, ol özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Esasy stadionyň ýokarsynda ýerleşdirilen we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ahalteke bedewiniň çeper şekili onuň özboluşly bezegidir. Bu kaşaň şekil Türkmenistanyň Prezidentiniň sport ulgamyndaky syýasatynyň möhüm ugruny, ýurdumyzyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylygyň we halklaryň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy gülläp ösüşiň hem-de rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen döredijilikli gatnaşyklara we durmuşyň esasy gymmatlygy bolan saglygyň berkidilmegine bolan çemeleşmelerini äşgär edýär. Toplumyň sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi dünýäde iň uly ýapyk ýüzüş howzy we häzirki zaman halkara standartynyň talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden döwrebap tehnologiýalaryň esasynda gurlan desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyna eýe boldy. Milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi we alada etmegi netijesinde, ýurdumyzda welosiped sporty kuwwatly ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda gol çeken degişli Karary bu ugurdaky wajyp ädime öwrüldi. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ilkinji giň möçberli we köpçülikleýin welosipedli ýörişi guraldy. Şunuň ýaly çärelere milli Liderimiziň gatnaşmagy diňe bir wakanyň tejribesini äşgär etmek bilen çäklenmän, eýsem, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli meseleleriň ähmiýetlidigini alamatlandyrýar. Bu bolsa beden we ruhy kämilligi kemala getirmek boýunça toplumlaýyn milli ulgamyň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli köpçülikleýin welosipedli ýörişlerini guramagy asylly däbe öwürdi. Awtoulagsyz günleriň yglan edilmegi jemgyýeti daşky gurşawy goramaga, biziň her birimizi bolsa ekologiýa medeniýetimizi ýokarlandyrmaga jogapkärçilige düşünmäge çagyrýan möhüm çäredir. Türkmenistan bu ugurda Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, BMG-niň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine sport boýunça Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýa saglygy goraýyş guramasy, hem-de beýleki abraýly birleşmeleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär hem-de pugtalandyrýar. Welosipediň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulagyň ekologiýa taýdan arassalygyny, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge hem-de saglygy berkitmäge ýardam edýändigini belleýär. Adamzat bu ulagdan 200 ýyldan gowrak wagt bäri peýdalanyp gelýär. Türkmenistanda welosiped sportunyň öz taryhy bar. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň, ýaryşlar geçirildi. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösüşi başlandy. Häzirki döwürde bir asyrdan gowrak taryhy bolan sportuň bu görnüşiniň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär. Köpetdagyň eteginden geçýän gara ýol köp onýyllyklaryň dowamynda sportuň bu görnüşi boýunça birnäçe milli derejedäki bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi hem-de öňdebaryjy türgenler üçin halkara okuw-türgenleşik geçilýän künjek bolup hyzmat edýär. Munuň özi diňe bir ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda welosport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän Türkmenistanyň amatly howa gurşawy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gara ýollarynyň hiliniň ýokary derejä eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini aýratyn bellemeli. 56 döwletiň awtordaş bolan bu resminamasy Türkmenistanyň parahatçylygy, dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşandynyň tutuş dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bütindünýä welosiped gününi baýramçylyk etmek ýörelgesine häzirki döwürde milli federasiýalaryň 190-sy, welosport boýunça yklymlaýyn konfederasiýalar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly höwesekler goşuldy. Olar milli Liderimiziň welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek ýörelgelerine goşulyp, ähli ýaşdaky raýatlaryň bu herekete gatnaşmak üçin kabul ediljekdigini nygtadylar. Adamlar öz saglyklarynyň bähbidine welosipedde gezelenç edýärler. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda ýapyk welotregiň açylmagy ýurdumyzyň welosiped sportunyň taryhynda täze sahypa öwrüldi. Çünki şunuň ýaly desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Desganyň hiline diňe bir milli ýaryşlara gatnaşan türgenler däl, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy minnetdarlyk Güwanamasy bilen sylaglamak hem-de 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugynyň Aşgabada berilýändigi baradaky çözgüdi kabul eden Halkara welosipedçiler birleşmesiniň (UСI) hünärmenleri-de ýokary baha berdiler. Ýurdumyzda kemala gelýän köpugurly döwrebap sport düzümi ähli görkezijiler babatda dünýä ölçeglerine kybap gelýär. Munuň özi Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň ýörite mekdebini açmak üçin oňyn binýady döretdi. Şol ýerde halkara derejeli welosipedçi türgenler taýýarlanylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport diňe bir ýeňiş we medallar däldir. Sport kuwwatly, birleşdiriji durmuş ulgamydyr, medeniýet, ykdysadyýet we diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Öňde boljak iri ýaryşlar — Sambo boýunça dünýä çempionaty we Welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň dünýäniň sport ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Aşgabatda yzygiderli dünýä ýaryşlaryny geçirmek boýunça halkara sport bileleşikleriniň gyzyklanmalarynyň artmagy ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň we döwletimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek işiniň ykrar edilýändiginiň misilsiz tassyknamasydyr. Yklymlaýyn çempionatlardan başlap, dünýä çempionatlarynyň, geljekde bolsa Olimpiýa oýunlarynyň ýokary derejeli geçirilmegi üçin zerur şertleri üpjün edýän eziz Diýarymyzyň bu ugurda belent sepgitleri nazarlaýar.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow