Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Çap edildi 03.09.2025
3952

Düýn Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz gallaçylar üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini aýdyp, ekişi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň tohumlary, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary öňünden taýýar edildi.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam berýän giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary, saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary hem geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň döwrebap usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara ekişi bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22.12
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
22.12
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde
21.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitindäki ÇYKYŞY
20.12
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
20.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
20.12
Sylaglary gowşurmak dabaralary
20.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow