1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün berkarar Watanymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli taryhy waka bolup, ýaş türkmen döwletiniň uzak geljege gönükdirilen daşary syýasat ugruny kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy baradaky taryhy Kararnamany kabul etdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrüldi. Bu gün Ýer ýüzüniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda guwandyryjy üstünlikleri gazanyp, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýär.
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň goşa ganatydyr, merdana halkymyzyň milli baýlygydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Berkarar döwletimiziň öňe tarap ynamly gadam urmagynyň, mähriban halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly kepilidir. Şoňa görä-de, şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyz parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli syýasaty baýdak edinip, özüni dünýä giňden tanadan we gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanmaga doly haklydyr.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyz gysga taryhy döwrüň içinde dünýäniň hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen gülläp ösýän, kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Gazanylýan bu beýik üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr.
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýewi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Orazdurdyýewiç Baýlyýewi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Bagybekowiç Agaýewi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet Ataýewiç Sarjaýewi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myratmuhammedowna Myradowany,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy Serdar Aşyrowiç Gaýypowy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Maksat Hojamyradowiç Kulyýewi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Yslamberdiýewiç Gurbanowy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Baýly Toýlyýewiç Seýilowy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Jenet Ýazberdiýewna Öwekowany,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Baýmyrat Atanaýewiç Babaýewi,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Nepes Janmuradowiç Rozyýewi,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni Allanur Sahydowiç Gökjäýewi,
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowany,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň direktory Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýewi,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň baş hünärmeni Begenç Durdymyradowiç Durdymyradowy,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Nyrh syýasaty müdirliginiň nyrhlary emele getirmek syýasaty bölüminiň baş hünärmeni Anna Aleksandrowna Kapançiýewany,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy Ýakupbeg Mälikowiç Mämedowy,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni Maýagözel Amanmyradowna Babaýewany,
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Lebap welaýatynyň Gazojak şäheriniň pensiýa gaznasynyň bölüminiň başlygy Şarapat Hosainowna Soltanowany,
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat Statistika müdirliginiň işgärler boýunça baş hünärmeni Dursunjemal Baýrambaýewna Dädebaýewany,
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Türkmen standartlar maglumat merkeziniň standartlaryň döwlet gaznasy bölüminiň başlygy Oguljahan Çaryýewna Ataýewany,
Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň merkezi barlaghanasynyň baş hünärmeni Bäşim Tirkeşowiç Aşyrlyýewi,
Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegler bölüminiň esasy hünärmeni Maral Kerimowna Myradowany,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşary ýurt puluny kadalaşdyryş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Akmämmet Babageldiýewiç Annaýewi,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň kompýuter programmalary bilen üpjün edýän bölüminiň başlygy Orazgeldi Tobakgylyjowiç Toýgulyýewi,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatynyň Sakar şäher şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň başlygy — baş hasapçysy Mahym Allamyradowna Öwezowany,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Hukuk we işgärler bilen işlemek müdirliginiň başlygy Öwezgeldi Atamuhammedowiç Annanurowy,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň hünärmeni Amangeldi Nyýazmuhamedowy,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Pul dolanyşygy müdirliginiň başlygy Dünýa Bazarowna Myradowany,
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Amallar müdirliginiň fiziki taraplara hyzmat edýän bölüminiň baş hünärmeni Güljemal Agaberdiýewna Öwezgulyýewany,
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň Amallar müdirliginiň amallar hyzmatlary bölüminiň esasy hasapçysy — amalçysy Mähri Rejepmyradowna Garryýewany,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Mekan Altymyradowiç Datdowy,
«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň üpjünçilik bölüminiň hünärmeni Şyhdurdy Idrisowiç Agaýewi,
«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň baş binagäri Şamuhammet Begnazarowiç Gurbanowy,
«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň mehanizasiýa bölüminiň greýder operatory Orazdurdy Berkeliýewiç Kesenowy,
«Altyn» hojalyk jemgyýetiniň Baş metjit gurluşyk desgasynyň önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri Sähetgeldi Myradowy,
«Altyn» hojalyk jemgyýetiniň Baş metjit gurluşyk desgasynyň toparbaşysy Esenmämmet Toporowiç Rejepowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazy we ony gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleri daşary ýurtlara satmak müdirliginiň baş hünärmeni Şöhrat Annaberdiýewiç Guwanjowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Babadaýhanetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň awariýa-dispetçer gullugynyň ussasy Kakamurat Ataberdiýewi,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň operatory Çarymyrat Jumamyradowiç Hallyýewi,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginiň Baýramaly aragatnaşyk gullugynyň «Galkynyş» bölüminiň inženeri Baýrammyrat Rejepdurdyýewiç Mämmedowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogar-nebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 1-nji gurluşyk-gurnama dolandyrmasynyň ekskawator maşinisti Joraguly Aşyrowiç Gaýypowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň sürüjisi Sähetmyrat Jumamyradowiç Annamyradowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň baş inženeri Sapar Metgurbanowiç Bekjanowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tamponaž müdirliginiň sementleýji agregatynyň motorçysy Rahmetžan Kemalowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ekerem» tilsimat ulaglar müdirliginiň başlygy Jumaberdi Taganberdiýewiç Nyýazmämmedowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň ussasy Ahmet Söýünowiç Hydyrowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hereket howpsuzlygy boýunça esasy inženeri Şirmyrat Saryhanowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň dolandyryjysynyň orunbasary — baş geology Hydyrmämmet Täçmämmedowiç Durdymämmedowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Guýulary maýyşgak nasos kompressor turbaly düýpli abatlaýyş müdirliginiň önümhana başlygy Abdylla Ahmedowiç Baýrammämmedowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýsoltan Orazgulyýewna Mätiýewany,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň “Kenar” nebit önümleri kärhanasynyň haryt operatory Swetlana Walerýewna Wlasenkony,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň Jebel bazasynyň ýükçüsi Toýmyrat Hajyýewiç Hajygurbanowy,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň oba suw üpjünçilik partiýasynyň başlygy Aşyr Toýlyýewi,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygynyň orunbasary Şukurulla Beşimowiç Egemberdiýewi,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hyzmat ediş işgäri Annanabat Aşyrowany,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe kän müdirliginiň başlygy Annamyrat Akmyradowiç Myratlyýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň direktory Gurbangeldi Jumadurdyýewiç Baýramdurdyýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Rahmanowiç Döwletowy,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Bäherden sement zawodynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gadammyrat Annamyradowiç Begalyýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan sement zawodynyň baş mehanigi Amandurdy Tuwakdurdyýewiç Berdiýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Kaka kän müdirliginiň ýük ýükleýji enjamynyň sürüjisi Ymamberdi Gurbanowiç Täjiýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň ekskawatorynyň maşinisti Ikramjan Joraýewiç Boriýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Guwanç Ilamanowiç Begjikowy,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň armaturçysy Muhabbat Durdikuliýewna Hojaýewany,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynyň operatory Guwanç Razzakberdiýewiç Egemberdiýewi,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Ýaşlyk keramzit zawodynyň sürüjisi Kuwatgeldi Artyknazarowiç Döwletowy,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Senagattaslama» taslama institutynyň administratiw-hojalyk bölüminiň garawuly Ýusup Çerkezowiç Myradowy,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Maýa goýumlar we düýpli gurluşyk müdirliginiň başlygy Muhammetmyrat Serdarowiç Rahmanowy,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodynyň direktory Mergen Kerimberdiýewiç Gurbanowy,
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Aşgabat ýolgurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň başlygy Kakadurdy Durdysähedowiç Sähetmyradowy,
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Aşgabat ýolgurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň asfalt gyryjysynyň maşynçysy Daýanç Kiçigulyýewiç Geldimyradowy,
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Ýöriteleşdirilen abatlaýyş we ulanyş kärhanasynyň sürüjisi Gurbanmyrat Bazargulyýewiç Garaýewi,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Türkmenbaşy raýat desgalary şahamçasynyň agaç ussasy Amangylyç Sapargylyjowy,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Bereket ýol we desgalar edarasynyň ýol ussasy Dille Nazarowiç Dillýaýewi,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Mary ýol we desgalar edarasynyň demir ýol bejerijisi Berdimyrat Jumaýewiç Seýitnazarowy,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Amyderýa ýol we desgalar edarasynyň ötük ussasy Rustem Orunowy,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 7-nji şahamçasynyň bejerijisi Wiktor Walentinowiç Iliçýowy,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 30-njy şahamçasynyň lokomotiw toparlary bölüminiň ýük we hojalyk gatnawy boýunça toparçasynyň teplowoz maşinisti Nurmuhammet Şaniýazowiç Nuryýewi,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Ak bugdaý etrap tehniki ulanyş merkeziniň uly elektromehanigi Ýazgeldi Tagannyýazowiç Çaryýewi,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Balkantelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Türkmenbaşy şäher aragatnaşyk bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Nurlibek Turdyklyçowiç Toktabaýewi,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Balkanpoçta» welaýat kärhanasynyň Bereket etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň hat gatnadyjysy Araztagan Atalykowy,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň magistral aragatnaşyk tehniki bölüminiň 1-nji kabel kiçi bölüminiň başlygy Erkin Mehemetjanowiç Joraýewi,
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 5-nji tehniki aragatnaşyk bölüminiň kabel kebşirleýjisi Täçmyrat Bäşimowiç Halmyýewi,
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň awtobus sürüjisi Suhanguly Çaryýewi,
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap awtotoplumynyň sürüjisi Kakyş Berdiýewiç Kakyşowy,
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Orazmyrat Daňatarowiç Esenowy,
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň mugallymy Muhammetnazar Ýazhanowiç Penjiýewi,
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Türkmenabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini dolandyryş gullugynyň uly dispetçeri Bahram Hudaýkuliýewiç Babajanowy,
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Türkmenabat Halkara howa menziliniň Ýangyç-çalgy serişdeleri gullugynyň ýangyç-çalgy serişdeleri boýunça awiatehnigi Narmamet Ereşowiç Jumanazarowy,
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenabat ulanyş bölüminiň «LS-11» belgili läbik sorujysynyň komandiri Babamurat Huseýinbaýewiç Muhtarowy,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň gözegçilik-derňew bölüminiň başlygy Allamyrat Abamowy,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk, daşary ykdysady aragatnaşyklar we ygtyýarlylandyryş bölüminiň başlygy Rüstem Baýliýewiç Hojakgaýewi,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagynyň biologik gözegçilik we tohumlaryň banky barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Ýekaterina Arsentýewna Kuroşinany,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň sürüjisi Hüseýin Orazowy,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynyň döwlet gözegçisi Rejepgeldi Orazgeldiýewi,
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň iş öndürijisi Mergen Jumageldiýewiç Musaýewi,
«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Pagtany gaýtadan işlemek müdirliginiň başlygy Mekan Dörtgulyýewiç Hydyrowy,
«Türkmenpagta» döwlet konserniniň iş dolandyryjysy Begmyrat Şageldiýewiç Öwezmyradowy,
«Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň Akdepe pagta arassalaýjy kärhanasynyň ussasy Amangeldi Söýunowiç Mätgeldiýewi,
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Aşyrberdi Jumagulyýewiç Nurberdiýewi,
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň önümçilik bölüminiň başlygy Akmuhammet Hanmuhammedowiç Hajiýewi,
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň baş buhgalteriniň orunbasary Nigara Jorakulyýewna Saidowany,
«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasynyň hamyrmaýaçysy Aýjemal Rozumbaýewna Bekiýewany,
«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Dostluk galla önümleri kärhanasynyň direktory Berdi Çaryýewiç Taşowy,
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Körpe» çagalar iýmiti kärhanasynyň haryt ýerleşdirijisi Annamyrat Çaryýewi,
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Büzmeýin etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň ýyladyşhana bölüminiň başlygy Meretdurdy Täjiýewiç Hydyrowy,
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň ykdysady seljeriş, meýilleşdiriş we nyrhlary emele getiriş bölüminiň başlygy Alfiýa Şamilýewna Ahmedowany,
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Ahal welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tejen etrabyndaky S.A.Nyýazow adyndaky maldarçylyk hojalygynyň 2-nji fermasynyň baş çopany Aşyrmyrat Daňatarowiç Öwezowy,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Ruhubelent» kärhanasynyň aşpezi Annabibi Taňryberdiýewna Hudaýberdiýewany,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Mizan» täjirçilik merkeziniň «Mizan» myhmanhanasynyň baş tehnology Natalýa Wladimirowna Nasyrowany,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň söwda we jemgyýetçilik iýmiti bölüminiň esasy hünärmeni Ogunýaz Rustemowany,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň dokma toplumynyň tikin fabriginiň ussasy Zuhra Çarybaýewna Berdiýewany,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň tikinçisi Ýazgül Kerimowna Derýaýewany,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň töwerekdäki çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işçisi Gülýar Gurbangeldiýewiç Garaýewi,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň baha seljeriş we bazary öwreniş bölüminiň başlygy Perman Öwezgeldiýewiç Mämmetnyýazowy,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hasap we hasapçylyk bölüminiň başlygy — baş hasapçysy Mähri Jumaberdiýewna Allaberdiýewany,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler we ýarmarkalar bölüminiň baş hünärmeni Göwher Süleýmannepesowna Rejepowany,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler we ýarmarkalar bölüminiň başlygy Kemal Amandurdyýewiç Amanowy,
«Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň direktorynyň gurluşyk işleri boýunça maslahatçysy Mämmetnur Geldimyradowiç Annaýewi,
«Altyn toý mekany» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy, direktorynyň orunbasary Şadurdy Akmyradowiç Sähedowy,
«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Orazmyrat Hojamowiç Apowowy,
«Baş bina» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Durdymurat Täjibaýewiç Gurbanbaýewi,
«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň direktory Muhammetbalkan Röwşenowiç Meňliýewi,
«Sport ýyldyzy» hususy kärhanasynyň direktory Penasapar Gökowiç Ataýewi,
«Döwletli nesil» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Bally Annamyradowiç Ibadullaýewi,
Aşgabat şäherinden telekeçi Orazgül Meredowna Eýeberdiýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygy Gülnabat Meretmuhammedowna Gurdowany,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Mähri Gurbanmyradowna Perdeliýewany,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Altyýewiç Burynowy,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Döwranowiç Saparmyradowy,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professory Nurýagdy Suwhanowy,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Gulmät Muhammedowiç Penaýewi,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň uly mugallymy, maliýe fakultetiniň dekany Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarowy,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ykdysady nazaryýet kafedrasynyň uly mugallymy Ruslan Rahmanowiç Jumaýewi,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazowy,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Kakabaýewiç Mätliýewi,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Öwezmyradowiç Çaryýewi,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň umumy tehniki dersler kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, mugallym Baýrammuhammet Nurmuhammedowiç Atanepesowy,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ogulşat Çaryýewna Seýitjanowany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Maýa Myradowany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 16-njy orta mekdebiniň müdiri Söhbet Nurmuhammedowiç Meretgeldiýewi,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň maliýe-ykdysady we buhgalteriýa hasabaty bölüminiň başlygy Gunça Annageldiýewna Gullarowany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Arzygül Akmämmedowna Atamämmedowany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulgurban Arazowna Hojanýazowany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň işgärler boýunça baş hünärmeni Döwletmurat Sünnetowiç Astanowy,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy Suhanberdi Allajaýewi,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 10-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Begenç Ataýewiç Amanowy,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Gurbangulyýewna Atabaýewany,
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypowy,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi boýunça müdiri Nurmämmet Öweznepesowiç Serdarowy,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň III ýanyk şikesleri bölüminiň müdiri Baýramgeldi Muhamowiç Hakberdiýewi,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkeziniň elektron abzallar boýunça I derejeli tehnigi Mihail Wladimirowiç Rodionowy,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň merkezleşdirilen barlaghanasynyň referens barlaghanasy bilen inçekesel bakteriologiýa bölüminiň müdiri Ogulşeker Gylyçmuhammedowna Mommyýewany,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň feldşer-laboranty Güljamal Nursähetowany,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň deri we weneriki keseller kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kýamal Nuryýewiç Gudratullaýewi,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Täçmyrat Atageldiýewiç Garaýewi,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kämilleşdiriş kursunyň 1-nji derejeli usulyýetçisi Irina Iwanowna Abramowany,
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň himiýa mugallymy Aşyrmyrat Amanmyradowy,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň lukmany Maýa Jumaýewna Jumaýewany,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşiginiň Ahal welaýat dermanhana müdirliginiň Babadaýhan etrabynyň 7-nji dermanhanasynyň 8-nji şahamçasynyň müdiri — farmasewti Çarygeldi Begliýewi,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Etrek etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Amangül Ýegendurdyýewna Durdyjanowany,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary netijeli sport we Olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni Osmanguly Jumamuhammedowiç Handurdyýewi,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäher Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Patyşaguly Hudaýberdiýewi,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäher Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Batyr Öwezgeldiýewiç Orazgylyjowy,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäher Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ahmet Amangeldiýewiç Odeýewi,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Mary şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Andreý Muhammedowiç Dowmatowy,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň çaphana bölüminiň başlygy Annadurdy Ballyýewiç Aýdogdyýewi,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynyň baş hünärmeni Bahargül Annamuhammedowna Hojadurdyýewany,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň kompýuter üpjünçiligi bölüminiň müdiri Allamyrat Agajanowiç Hudaýbergenowy,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň işgärler we ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Reýhana Rejepmämmedowna Nurmämmedowany,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň maslahatçysy Gülnar Serdarowna Ataguliýewany,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Soltanmyrat Saryýewiç Ýazmyradowy,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň başlygy Muhammetmyrat Welmyradowiç Rejepowy,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň başlygy Çaryýarguly Meredowy,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Nuryýewna Kazakowany,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň başlygy Döwletmyrat Annamyradowiç Tatarowy,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň baş hasapçysy Çary Tirkeşowiç Annabaýewi,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň tehniki gözegçisi Berdimyrat Annaýewiç Allaberdiýewi,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň iş dolandyryjysy Gurbangeldi Meredowiç Hydyrowy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap geňeşiniň başlygy Nury Amanmyradowiç Nuryýewi,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Aýnur Dädebaýewna Ýusupowany,
Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Balkan welaýat müdirliginiň Türkmenbaşy şäheriniň baş ymamy Didar Muhammetgulyýewiç Welmämmedowy,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Iş dolandyryş müdirliginiň işgärler we umumy işler bölüminiň baş hünärmeni Maýsa Orazdurdyýewna Hojaýewany,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Talyplar sport klubunyň türgenleşdiriji mugallymy Ýalkapberdi Sapargulyýewiç Annamyradowy,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň skripka mugallymy Garold Isaakowiç Neýmarky,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Aleksandr Alekseýewiç Kinýakini,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kasymowiç Nurbadowy,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Işgärler müdirliginiň başlygy Begençdurdy Amanmyradowy,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bibliografiýa bölüminiň müdiri Aýna Esenowna Rozyýewany,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Gülşat Baýramowna Gurdowany,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Sahydursun Aşyrowna Hojakowany,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Parahat Artykowiç Amandurdyýewi,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Annaguly Aşyrgeldiýewiç Myratdurdyýewi,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Çaryýar Seýitliýewi,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Baýramdurdy Nurmämmedowiç Rahymowy,
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň hasaphana bölüminiň baş hasapçysy Walentina Lwowna Kaplinany,
Mary welaýat Halk döredijilik merkeziniň orkestr toparynyň 1-nji derejeli artisti Ýusup Garýagdyýewi,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň enjamlar we teleoperatorlar bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rewşen Hajiýewiç Hajiýewi,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň edebi-drama bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Amanmyrat Rejepowy,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň sazly edebi-drama bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Mähri Jumamyradowna Çeppeýewany,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň gurnaýjysy Çarygeldi Geldiýewiç Ataýewi,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Balkan welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Muhammetgylyç Araztaganowiç Tagangylyjowy,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy Gurbanmuhammet Myradowiç Amanowy,
«Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi Muhammet Berdimuradowiç Bekgiýewi,
«Diýar» žurnalynyň kompýuterde ýygyjy operatory Täzegül Imamgulyýewna Mämmetmyradowany,
«Maru-şahu jahan» gazetiniň fotohabarçysy Şamyrat Aýdogdyýewiç Amadowy,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarlary gaýtadan işlemegiň awtomatlaşdyrylan tehniki bölüminiň başlygy Rahym Myradowiç Babaýewi,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarçylar bölüminiň esasy habarçysy Begli Tirkişgeldiýewiç Abdykadyrowy,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärler bölüminiň başlygy Meretguly Bäşimowiç Tangiýewi,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy müdirliginiň baş inženeri Alladurdy Durdyýewi,
Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymy Zalina Ýurýewna Garajaýewany,
Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň Berkararlyk etrap Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň 2-nji ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň slesar-santehnigi Babaguly Gambargulyýewiç Rozyýewi,
Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň ulanyş bölüminiň başlygy Bahaddin Salim ogly Abiýewi,
Arkadag şäher häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň başlygy Döwletgeldi Myradowy,
Arkadag şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Berdimyrat Toýmyradowiç Eltezerowy,
Arkadag şäher häkimliginiň Baş binagärlik-meýilnamalaşdyryş müdirliginiň başlygy Hoşgeldi Taňryberdiýewiç Atasaparowy,
Arkadag şäher häkimliginiň Baş binagärlik-meýilnamalaşdyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Arslan Muhammetmeredowiç Akmyradowy,
Arkadag şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Gorjaw etrap arassaçylyk bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Merdan Akmyradowiç Öwezberdiýewi,
Ahal welaýat häkimliginiň jemagat hojalygynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Esger Annameredowy,
Ahal welaýat Baş binagärlik-meýilnamalaşdyryş dolandyryş edarasynyň esasy hünärmeni Jumaguly Baýramgulyýewiç Annaorazowy,
Ahal welaýat Baş binagärlik-meýilnamalaşdyryş dolandyryş edarasynyň ýanyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky taslama edarasynyň hünärmeni Ogulnar Amanmyradowna Bäşimowany,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň başlygy Öwezmyrat Kakageldiýewiç Baýramowy,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Kirpili geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Jennet Durdyýewna Tokgaýewany,
Balkan welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginiň Balkanabat şäher Ýaşaýyş jaýlary ulanyş trestiniň reňkleýjisi Däneguly Hangulyýewiç Dänegulyýewi,
Balkan welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginiň Balkanabat şäher Ýaşaýyş jaýlary ulanyş trestiniň 7-nji ýaşaýyş jaýlary ulanyş bölüminiň süpürijisi Ogulbibi Jumaýewna Mämmedowany,
Balkan welaýat häkimliginiň «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň maşinisti Aşyrmämmet Amandurdyýewiç Seýdiýewi,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap häkimliginiň hyzmat ediş işgäri Aýjamal Taganowna Tuwakmämmedowany,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap häkimliginiň hyzmat ediş işgäri Nobahar Myradowany,
Daşoguz welaýat häkimliginiň buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylygy bölüminiň müdiri — baş hasapçysy Akmyrat Kakyşowiç Karabaýewi,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimliginiň ykdysadyýet we ulanyş toplumy bölüminiň müdiri Ylham Muhammedowiç Öwezowy,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäher Geňeşiniň hünärmeni Hurma Saparowna Baýlyýewany,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Akýaýla geňeşliginiň Geňeşiniň arçynynyň orunbasary Sarybaý Bezirgenowiç Hojanepesowy,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň durmuş-medeni ulgam bölüminiň baş hünärmeni Hemra Satlykowiç Durdyýewi,
Lebap welaýat häkimliginiň «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginiň suw geçiriji ulgamlar bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Azat Jumakulyýewiç Ýoldaşowy,
Lebap welaýat häkimliginiň «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 10-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň sürüjisi Begendik Joraýewiç Ereşowy,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Çarwadar geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Weýisgeldi Nuryýewiç Kurbaniýazowy,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndan önüm öndüriji Aýdžemal Atabaýewany,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Guwanç Gurbangeldiýewiç Rozyýewi,
Mary welaýatynyň Baýramaly şäher häkimliginiň durmuş-medeni ulgam bölüminiň baş hünärmeni Döwran Amangulyýewiç Annaýewi,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Görelde geňeşliginiň Aýnaköl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Duşak Annagulyýewi,
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Öwezmuhammet Meretmuhammedowiç Çaryýewi,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Rahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýramgeldi Töräýewiç Nedirowy,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Batyr Annadurdyýewiç Sähedowy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.