Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Çap edildi 22.12.2025
35

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 20-nji dekabrda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň bu duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Ýapon işewürliginiň işjeň gatnaşmagynda ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly serişdelere eýedirler. Şunuň bilen baglylykda, dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli taraplaryny doly herekete getirmek, möhüm ähmiýetli we strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmek umumy wezipe bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz wodorod energetikasyny, durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi we BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyjy goldamaga çagyrdy. Ulag we üstaşyr baglanyşygyň ösdürilmegine-de üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny hem-de “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmek başlangyçlaryny öňe sürdi, şeýle hem sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamynda energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli aňy ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni, akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Tokioda wekiliýet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň plenar mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy. Işewürlik maslahatynyň dowamynda “Ýaşyl” energetika we durnuklylyk”, “Sanly özgertmeler we özara baglanyşyk”, “Maliýe, adam serişdeleri we jemgyýetçilik ulgamynyň işewürligi ösdürmekde eýeleýän orny” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Foruma türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.

Iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri Sanae Takaiti, ýurduň Parlamentiniň we öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Imperator Naruhito hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Onuň Alyjenabyny “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlaryň ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti we häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen tanyşmagyna uly mümkinçilik döredendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanda olary özleşdirmekde ýapon tehnologik çözgütlerine esaslanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Ýaponiýanyň Imperatory uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen geçirilen duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we açyklyga esaslanýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns çekildi. Tebigy gaz, energetika, ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtady. Ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki Metbugat Beýanaty kabul edildi.

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen dostlukly ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda hereket edýän dostluk toparlarynyň alyp barýan işine ýokary baha berildi. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda tejribe alyşmaga ýardam berýär. Şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi.

Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ýapon işewürleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmaklary üçin energetika, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ulag we logistika ulgamlary, ýokary tehnologiýaly, ekologiýa ugurly önümçilikler, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ýurdumyzyň türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz sirkulýar ykdysadyýete geçmek babatda birnäçe anyk başlangyçlara garamagy, hususan-da, durmuş we gurluşyk galyndylaryny, plastik önümleri, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodlaryň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Işewürler beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi. Munuň özi türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Geçen hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Вitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylandygyny bellemek gerek. Bu sylag Gahryman Arkadagymyza jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gowşuryldy.

Ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giň gerimli aýdym-sazly dabaralar bilen dowam etdi.

15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç haty kabul edildi. Ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty, Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri sport infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi Awazany ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.

Asylly däbe görä, geçen hepdede Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagy arkaly owadan arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Täze ýylyň ajaýyp dabarasyna ýurdumyzyň köp sanly raýatlary uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda ony medeni diplomatiýa arkaly mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide alabaýlaryň taryhyna, edermenligine we wepadarlygyna bagyşlanan gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri, haly önümleri, fotosuratlar ýerleşdirildi. Gözden geçirilişiň esasy böleginde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryna möhüm orun berildi. Dabaranyň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri hasaplanýan “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Eminler toparynyň agzalarynyň ses bermegi netijesinde hem-de tomaşaçylaryň SMS we jaň etmek arkaly iberen sesleri sanalandan soňra, 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň baş baýragynyň eýesi Göwher Hojimyradowa boldy. Oňa göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýyl ýazgysynda ýene bir ajaýyp sahypany açyp, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň, milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünlikleriň aýdyň beýany boldy. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda tagalla edip, ählumumy abadançylygyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köpugurly kuwwatyny netijeli peýdalanýar.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22.12
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
22.12
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde
21.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitindäki ÇYKYŞY
20.12
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
20.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
20.12
Sylaglary gowşurmak dabaralary
20.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow