Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
Çap edildi 20.12.2025
1959

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.

Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň okgunly häsiýetini belläp, şunda yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki saparlara aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçmegi bilen hem tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, açyklyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýändigini we türkmen-ýapon dialogyny ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklar hem işjeňleşdirilýär. Parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda wajyp ädime öwrüldi.

Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Tebigy gaz, energetika we ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesine esaslanyp, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, medeni alyşmalara aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurdaky gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Premýer-ministr Sanae Takaiti Ýaponiýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini we ýurdumyza Merkezi Aziýada durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki Metbugat Beýanaty kabul edildi.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow