Baş sahypa
\
\
Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar
Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar
Çap edildi 19.09.2017
4455

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 18-nji sentýabrda milli göreş boýunça bäsleşikler tamamlandy. Ol Türkmenistan üçin şowly boldy – biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde 23 altyn, 14 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar. Bu üstünlik ýadawsyz türgenleşikler hem-de uly tejribe netijesinde gazanyldy. Milli türkmen göreşi boýunça ähli päsgelçilikleri ýeňip geçir ýeňşe çenli baryp ýetdiler. 100 kilogramdan ýokary agram derejede göreş boýunça iki altyn medalyň eýesi R.Orazalyýew “Aşgabat 2017” oýunlarynyň sylaglarynyň özi üçin has gymmatlydygyny, sebäbi olary Olimpiýa şäherjiginiň ajaýyp desgasynda, öz ýakynlarynyň gatnaşmagynda gazanandygyny aýdýar. 57 kilogram agram derejede iki altyn medala eýe bolan A.Goçow bäş ýylyň dowamynda yzygiderli türgenleşendigini, Oýunlaryň başlamazyndan öň ýany şikes alandygyna garamazdan ýeňiş gazanandygyny guwanç bilen aýdýar. Göreşiň erkin we nusgawy görnüşleri boýunça zenanlaryň arasynda 70 kilograma çenli agram derejede iki gezek ýeňiji bolan Nasiba Surkiýewa tutuş toparyň sazlaşykly işländigini, munuň bolsa üstünlige getirendigini belleýär. Daşary ýurt sport synçylary ýaryşlaryň jemlerini teswirläp, göreşiň Türkmenistanda sportuň milli görnüşi bolup durýandygyny,türgenleriň Aziadada gazanan ýeňşiniň bolsa türkmen milli göreşini ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge itergi berjekdigini belleýärler.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow