Baş sahypa
\
\
Oýunlaryň ikinji gününde futzal, tennis we taýboks boýunça ýaryşlar geçirildi
Oýunlaryň ikinji gününde futzal, tennis we taýboks boýunça ýaryşlar geçirildi
Çap edildi 17.09.2017
3299

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ikinji gününde futzal boýunça oýunlar dowam etdi, uly tennis hem-de taýboksy boýunça ýaryşlar başlandy. Türkmen tennisçisi Isa Mämmetgulyýew Olimpiýa şäherjiginiň merkezi tennis meýdançasynda iki döwde 6:2; 6:0 hasaby bilen Kiribatiden gelen türgen Bira Tebatibungdan üstün çykdy. Milli tennis mekdebimiz öz derejesini görkezdi, indi Isa ýaryşlaryň ikinji aýlawynda bäsleşigini dowam eder. Ikinji iki duşuşyk zenanlaryň gatnaşmagynda geçirildi hem-de olaryň netijeleri boýunça Indoneziýadan Aldila Sutžiadi hem-de Fijiden Rubi Koffin ikinji aýlawa çykdy. Taýboksy boýunça ilkinji tutluşyklaryň altysy geçirildi. Olara iki sany türkmenistanly hem gatnaşdy. 81 kilograma çenli agram derejesinde HHR-dan bolan Du An Döwletmyrat Güýjewiň öňünde durup bilmedi. Indi biziň boksçymyz çärýek final duşuşykda hytaýly ýene-de bir türgen, ýagny owganystanly Farid Bahary ýeňen Luo Kan bilen duşuşar. 60 kilograma çenli agram derejesinde taýboksy boýunça tutluşykda biziň pälwanymyz Maksatmyrat Alyýew 27:30 hasap bilen yrakly Ahmed Al-Saýediden asgyn geldi. Taýboksy boýunça tutlyşyklar ertir dowam eder we şonda çärýek finala çykmak üçin öz agram derejelerinde ýene-de birnäçe türkmen türgenleri bäsleşer. Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda şu gün toparçalardaky ýarym finalçylar kesgitlendi. Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3:1 hasaby bilen HHR-iň toparyndan ýeňildi. Biziň toparymyz üçin ýaryş dowam edýär, “A” toparçasynda soňky tapgyrda öňdebaryjy Ýaponiýanyň toparyna mynasyp garşylyk görkezmäge çalyşmaly. Şu gün ýapon futzalçy gyzlar 3:2 hasaby bilen Gonkongyň toparyndan üstün çykyp, jemi alty utuk toplady. “A” toparçadan ýaprym finalda oýunlary dowam etmek üçin ikinji ýollanmanyň ykbalyny HHR-iň hem-de Gonkongyň toparlary özara tutluşygynda çözer. “B” toparçasynda bolsa eýýäm ýarym finalçylaryň ikisi hem kesgitlenildi, olar Tailandyň hem-de EYR-nyň toparlary bolup, özara tutluşykda toparçanyň öňdebaryjysy belli bolar. Ýaryşlaryň birinji gününiň netijeleri boýunça türkmen ýygyndy toparynyň medallaryň 37-si, şol sanda 16 altyn medal bilen ilkinji orunda ynamly barýandygyny ýatladýarys. Toparymyzyň yz ýanyndan gelýän Özbegistanyň ýygyndy toparynda jemi 13 medal bolup, şolaryň ikisi altyn medaldyr. Ýaryş tertipnamasynda üçünji orunda ýedi medal (iki altyn) bilen Tailandyň ýygyndysy barýar. Ertir, 18-nji sentýabrda tennis, taýboksy hem-de futzal boýunça ýaryşlar dowam eder. Ýene-da ýeňil atletika, jiu-jitsu, taekwondo, trek welosiped ýaryşlary, milli türkmen göreşi we agyr atletika boýunça medallar ugrunda ýaryşlar ýaýbaňlanar.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow