Baş sahypa
\
\
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär
Çap edildi 22.08.2017
3172

Barha golaýlap gelýän ägirt uly taryhy wakanyň - Aziada - 2017-niň resmi hyzmatdaşlarynyň sany gün-günden artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene-de bir resmi hemaýatkäri boldy. Bu kompaniýa ýükleri daşamak hem-de dürli senagat pudaklary boýunça toplumlaýyn logistika ýaly hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýän tejribeli işewür hyzmatdaş hökmünde meşhurdyr. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde kompaniýa Ýerine ýetiriji komitet hem-de onuň hyzmatdaşlary bilen logistiki hyzmatlary meýilleşdirmekde we ilerletmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dahyllydygy bilen ruhlanan “Türkmen ak ýol” kompaniýasynyň hünärmenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda logistiki hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek üçin özleriniň kuwwatyndan we tejribesinden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olaryň pikirine görä, bu oýunlar “Iň uly halkara sport baýramçylygy bolar”.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow