Baş sahypa
\
\
Aşgabadyň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary
Aşgabadyň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary
Çap edildi 09.07.2017
1406

Aşgabatda, Aziada-2017-niň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary boýunça synag geçirildi. Oňaýly syýahatçylyk awtobusynda gyzykly gezelenç daşary ýurtly myhmanlara paýtagtymyzyň owadan we belent binalaryny, özboluşly gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berer. Soňky ýyllarda düýpli özgeren şäheriň taryhy hem-de daşary ýurt dillerini bilmek nukdaýnazaryndan taýýarlanan ýolbeletlere daşary ýurtly türgenlere, syýahatçylara, şeýle hem oýunlary beýan etjek žürnalistlere gürrüň bermäge zat köp bolar. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz täze keşbe eýe boldy—durky täzelenen şäher kwartallary abadanlaşdyrylýar, ähli esasy ýollar döwrebaplapşdyryldy. Halkara ölçeglerine laýyklykda, 59,14 kilometr ýollar çekildi, köp derejeli ýol aýrytlary, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri guruldy. Ulag ulgamynyň durkunyň täzelenmegi awtomobil gatnawlaryny kadalaşdyrmaga, köçelerde dyknyşyklyk ýaly meseleleri doly çözmäge mümkinçilik berdi. Oýunlaryň öňüsyrasynda Aziada-2017-de ulanyljak awtoulaglary artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça işlere giň gerim berildi. Ajaýyp sport baýramçylygynyň myhmanlaryna Aşgabatda dikuçarly gezelençler hem garaşýar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow