Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar
Syýasy habarlar
2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar
Çap edildi 07.07.2017
1633

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýokarlandyrylar. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1169 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 343 manat möçberde; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 279 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 266 manat möçberde belleniler. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmak edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün ediler.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow