Baş sahypa
\
\
Aşgabat 2017: sportuň, medeniýetiň we syýahatçylygyň paýtagty
Aşgabat 2017: sportuň, medeniýetiň we syýahatçylygyň paýtagty
Çap edildi 26.06.2017
1215

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň strategiýasynda Türkmenistanyň paýtagtyny ykdysady, syýasy, medeni durmuşyň, sportuň we syýahatçylygyň iri halkara merkezine öwürmek wezipesini öňde goýýar. Aşgabady abadanlaşdyrmak, onuň keşbini özgertmek, sport desgalaryny bina etmek hem-de iň myhmansöýer gurşawy döretmek boýunça işler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. Ýol-ulag ulgamy düýpli abatlanyldy, bu bolsa awtomobil akymlaryny has gowulandyrdy, bir ýerden beýleki bir ýere barmagyň wagtyny azaltdy. Energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlandy, howadaky geçirijiler has howpsuz bolan ýerasty inženerçilik aragatnaşyk ulgamlary bilen çalşyryldy. Ýaşaýyş jaý gurluşygynda ileri tutulýan durmuş ugurlary ýüze çykýar. Bu gurluşyklar her toplumda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we oýun meýdançalarynyň, dükanlaryň bina edilmegini, durmuş hyzmatlar ulgamynyň, awtomobil duralgalarynyň, ýaşyl zolaklaryň we ençeme beýlekileriň bolmagyny göz öňünde tutýar. Ozalky bar bolan binalar, ýaşaýyş jaýlary, ýaşaýyş toplumlarynyň içki ýollary abatlanylyp, olaryň durky täzelenildi, binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar ekildi. Aşgabat paýtagt hökmünde döwletimiziň ykdysady ýagdaýyny, jemgyýetiň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiligini şöhlelendirip, köp babatda tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýär. Paýtagtymyzyda Olimpiýa şäherjiginiňm gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere hem-de dünýä derejesindäki üstünliklere tarap ymtylmasynyň nyşany boldy. Bu ýerde sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow