Baş sahypa
\
\
Aziada-2017 döwründe syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar we awiapetekleriň bahasy peseldiler
Aziada-2017 döwründe syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar we awiapetekleriň bahasy peseldiler
Çap edildi 24.06.2017
1387

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar hem-de ýerli howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy peseldiler. Bu baradaky teklibi anna güni, 23-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz myhmanlara paýtagtymyzy we onuň töwereklerini, Olimpiýa şäherjigini hem-de beýleki gözellikleri, şeýle hem tebigatyň owadan künjeklerini belentlikden görkezmelidigini belledi. Biziň ýurdumyzda owadan ýerler örän köp. Şol ýerlere baryp görmek isleýänler üçin awiapetekleriň bahalaryny wagtlaýynça aşak düşürip bolar diýip, döwlet Baştutanymyz teklip etdi hem-de şeýle çäreleriň has köp syýahatçylary çekmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Aşgabat-2017 taslamasyna Türkmenistanda sport we örän uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzir sport adam gatnaşyklarynyň möhüm ýagdaýyna, döwletleriň we halklaryň, dürli ynançlaryň we konfessiýalaryň adamlarynyň arasynda özara düşünişmegiň we hoşniýetliligiň guralyna öwrülýär.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow