Baş sahypa
\
\
“Aşgabat 2017” şekili Astanada EKSPO sergisinde görkezildi
“Aşgabat 2017” şekili Astanada EKSPO sergisinde görkezildi
Çap edildi 10.06.2017
1324

Astanada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň baran EKSPO meýdançasynda Türkmenistan öz ekspozisiýasynyň çäklerinde “Aşgabat-2017” uly göwrümli taslamany görkezdi. Ol sentýabrda geçiriljek sport forumy arkaly ýurdumyzyň häzirki zaman üstünliklerini, açyklygyny, parahatçylyk söýüjiligini hem-de türkmenistanlylaryň myhmansöýerligini, paýtagtymyzyň gözelligini görkezmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň ähmiýetli nyşanyna öwürlen iň häzirki zaman sport derejeli Olimpiýa şäherjiginde “ýaşyl” tehnologiýalar hem ornaşdyryldy. Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny kabul etmek hormatyna eýe bolan ilkinji döwletdir. Beýan edilýän owadan serişdelerde, wideo we fotoşekillerde, şeýle hem metbugat neşirlerinde şu ýyl Aziýada boljak iri sport wakasy barada giňişleýin we mazmunly gürrüň berilýär, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen dokma önümlerini hem görmek bolýar. Ýadygärlik sowgatlyklar we enjamlar, ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan Aziada-2017-niň şekilleri bolan sport lybaslarynyň nusgalary sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär. Haly dokamagyň, däp bolan senetçiligiň, amaly-haşam sungatynyň ussatlary tarapyndan taýýarlanan önümler giňden görkezildi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow