Baş sahypa
\
\
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragy bina edilýär
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragy bina edilýär
Çap edildi 25.04.2017
1145

Innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesininiň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylyp, paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň esasy ugrudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherini gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragyny bina etmek göz öňünde tutuldy. Paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda ýokary derejeli jaýlary gurmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. Häzirki wagtda hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri kottej şäherçesini gurmagyň esasy buýrujylary hem-de paýly gatnaşyjylar bolup durýar. Bu ýerde býujet serişdelerini ulanmazdan eýýäm täze görnüşli ýaşaýyş jaýlaryň toplumy döredildi. Bu öýler (meýdany 350 inedördül metr) binagärliginiň daşky görnüşi, çerepisalay üçegi, mansardasynyň bolmagy hem-de keramogranitiň ulanylmagy bilen daşky bezegi bilen özüne çekýär. Buýrujynyň esasy talaplarynyň biri keramzitbeton hem-de gazbeton serişdelerinden bolan monolit öýler ekologiýalylygyň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidir. Şoňa görä-de bu ýerde iň täze tehnologiýalar boýunça öndürilen esasan ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Öýleriň zerur bolan durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylmagyna hem şeýle talaplar bildirilýär. Kottej tutuşlygyna özbaşyna dolandyrylýar. Ol aýratyn ýyladyjy bilen enjamlaşdyryldy—utgaşdyrylan peç ýylatmak hem-de durmuş zerurlyklary üçin gyzgyn suw bilen üpjün edýär. Öýde otaglara howa çaldyrmak üçin WRV görnüşli sowadyjy-ýyladyjy ulgam enjamlaşdyryldy. Kotejlerde otaglaryň ýerleşdirilişi iki usulda: taslama boýunça ýa-da onuň geljekki eýesiniň islegleri nazara alnyp ýerine ýetirildi. Birinji gatda dolandyryş enjamy bilen açylýan gurnalan garaž, giň aşhana, myhmanlar üçin otag, ýatylýan otag we öýüň suw geçiriji ulgamy, şeýle hem tehniki zerurlyklar üçin uly bolmadyk goşmaça otag ýerleşýär. Ikinji gatda iş otagy, üç sany ýatylýan otaglar, daşyna çykylýan ýer hem-de iki sany suw geçiriji ulgam göz öňünde tutulypdyr. Öýleriň ählisinde ýyly mansardalar, 0,6 gektar meýdanda ýerleşen kottejiň töwereginde bolsa tomusda dynç almak üçin gurnalan ýerde bag ekilýän meýdança döredilipdir. Mundan başga-da, on sekiz sany 12 gatly, on alty sany 3-4 gatly ýokary amatlygy bolan jaýlar, söwda merkezleriniň 11-si, çagalar bagy, mekdep we durmuş düzüminiň beýleki desgalary bina ediler.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow