Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary –sebitleýin ösüşiň möhüm görkezijisi
Syýasy habarlar
Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary –sebitleýin ösüşiň möhüm görkezijisi
Çap edildi 18.04.2017
1322

Astanada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň sazlaşykly ykdysady ösüşinde, olaryň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmakda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demitr ýoluň gurluşygyny onuň aýdyň netijeleriniň biri hökmünde görkezdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ýol Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döreder. Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ösüşiniň möhüm ugry, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary, ykdysady taýdan utgaşdyrmagyň baş şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Ýewraziýanyň yklymlaýyn ugurlarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmegi ulag ulgamyndaky taslamalarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmagyň, sebitleýin we yklymlaýyn ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşmagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow