Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Energetika ulgamy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar
Syýasy habarlar
Energetika ulgamy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar
Çap edildi 18.04.2017
1386

Energetika Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen türkmen-gazak gepldeşikleriniň dowamynda aýtdy. Milli Liderimiz 2009-njy ýylda gurlan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini mysal hökmünde görkezdi. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişligindäki energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde has-da ähmiýetlidir. Hususan-da, ol Gazagystan üçin gazak gazyny Hytaýa ibermekde, öz çäginden energiýa göterijileri üstaşyr geçirip, girdeji gazanmakda täze mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyňbelleýşi ýaly şu we beýleki energetika twaslamalaryny öňe sürmek bilen, Türkmenistan goňşy ýurtlaryň yklymda täze energiýa geçirijiler ulgamyna goşulyşmak zerurlygy hökmünde düşünýär. Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň bu ulgamdaky ýurdumyzyň başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky degişli kararnamalaryna awtordaş bolup çykyş etmegi ähmiýetli waka bolup durýandygyny belledi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow