Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ekologiýa meselesi türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi
Syýasy habarlar
Ekologiýa meselesi türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi
Çap edildi 18.04.2017
1217

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Prezident Nursultan Nazarbaýew bilen geçiren gepleşiklerinde ekologiýa meselesini ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mmöhüm ugry hökmünde görkezdi. Milli Liderimiz döwletleriň ikisiniň hem Aralýaka ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge çalyşýandyklaryny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gaznada başlyklyk etmeginiň degişli Konsepsiýasyny işläp taýýarlandygyny, onda agza döwletleriň bilelikdäki işiniň möhüm meýilnamalarynyň beýan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gaznanyň işiniň netijeli we anyk häsiýete eýe bolmagynda Gazagystan bilen ýygjam hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow