Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri başlandy
Syýasy habarlar
“Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri başlandy
Çap edildi 18.04.2017
1352

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgünde Astana döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi duşuşygy boldy. Gazagystanyň we Türkmenistanyň Baştutanlary iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Hormat garawulynyň başlygynyň hasabatyny kabul edip, Gazagystanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Soňra döwlet Baştutanlary Hormat garawulyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçdiler. Resmi taýdan garşylamak dabarasy tamamlanandan srň, Prezident Nursultan Nazarbaýew we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Akorda” köşgüniň “Altyn zalyna” geçdiler. Ol ýerde ýokary derejeli ikiçäk görnüşdäki gepleşikler başlandy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny alamatlandyrýan ulag pudagyndaky gatnaşyklar köp ugurly türkmen- gazak gepleşikleriniň gün tertibinde möhüm orun eýeledi. Şeýle hem köpýyllyk medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklaryna işjeň häsiýet eýedir.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow