Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 17.04.2017
1435

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda aragatnaşyklaryň ösüşiniň yzygiderli häsiýetini belläp, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde hökümetara toparynyň işiniň wajypdygyny aýratyn nygtady. Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ägirt uly serişde we ykdysady kuwwat bilen bilelikde ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň netijesinde geljegi uly türkmen bazarynyň giň mümkinçiligi bolan maýadarlaryň hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalaryň ýyl-ýyldan barha köpsanlysyny özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen has ýygjam hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny we göni gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Birnäçe esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň hasabyna ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmek boýunça Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny nazara alyp, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyny goşmak bilen, esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Bu ulgamlarda biziň ýurtlarymyz bilelikde işlemegiň uly tejribesini topladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy hem nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna Medeniýet günleriniň hem-de beýleki çäreleriň özara geçirilmegi gönüden-göni hyzmat edýär. Ählumumy howpsuzlygyň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegini iki tarapyň maksat edinýändigi nazara alnyp, özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça goňşy ýurtlaryň mundan beýläk-de özara hereket etmeginiň ugurlary söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow