Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 08.04.2017
1267

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär: “Şu geçen döwürde rus-türkmen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklaryň derejesine çykdy. Dürli derejelerdäki işjeň syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Söwda-ykdysady, energetika, ylmy-tehniki, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe boldy. Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar Merkezi Aziýada we Hazar basseýninde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar”. Wladimir Putin bilelikdäki tagallalar netijesinde mundan beýläk-de Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew hem Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär: “Biziň ýurtlarymyzy döwrüň synagyndan geçen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär. Energetika, senagat, ulag düzümlerinde, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda iri bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Sebitara ulgam boýunça netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Işewür toparlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklar giňeldilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary bu işleri utgaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär”. Dmitriý Medwedeýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny aýratyn belledi hem-de özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň uzak möhletleýin bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýandygyny beýan etdi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow