Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasyny açdylar
Syýasy habarlar
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasyny açdylar
Çap edildi 30.03.2017
1393

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyn gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri toý bagyny kesdiler hem-de täze bina bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň täze binasy okgunly ösýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uzakmöhletli häsiýete eýediginiň nyşanydyr. Bu bina türkmen paýtagtynyň günorta böleginde, ilçihana şäherjiginiň çäginde peýda boldy. Dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary eýýäm bu ýere göçüp geldiler. Diplomatik wekilhanalaryň binalarynyň ählisi ak mermerli Aşgabadyň umumy keşbi bilen ajaýyp sazlaşykda taslanyldy. Geçen ýylyň maýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Minsk şäherinde Ilçihanasynyň täze binasy dabaraly açyldy. Aşgabatda-da, Minskide-de Ilçihanalaryň işleri hemişe baş maksada hyzmat eder. Bu maksat iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmakdan, özara bähbitli, netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekden, iki döwletiň raýatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary goldamakdan we ýardam bermekden ybaratdyr. Häzirki wagtda munuň üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda nygtady. Döwlet Baştutanlary Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň edara binasynyň öňündäki meýdançada agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow