Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Çap edildi 23.03.2017
1529

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannamy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň mähirli salamyny hem-de Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi. Jenap Hossein Ali Mostafa Gannam parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, birek-birege hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-palestin gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Mlli Liderimiz Prezident Mahmud Abbasa mähirli salamyny hem-de Palestina sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz we ilçi türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde – abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga meýillidigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Palestinanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi saparynyň hem-de türkmen paýtagtynda dostlukly ýurduň Ilçihanasynyň açylmagynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka bolandygy bellenildi. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem-de netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esasy goýdy. Şol ylalaşyklar bolsa gol çekilen resminamalarda berkidildi. Taraplaryň bilelikdäki hökümetara toparyny döretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky meýli şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmelidir. Duşuşygyň barşynda palestinaly ilçi milli Liderimize döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Hossein Ali Mostafa Gannam Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we palestinaly diplomat taraplaryň hoşniýetli erk-islegine esaslanýan hem-de häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow