Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 25.04.2024
2683

Şu gün Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmegiň meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, milli parlamentiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalary saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de tassykladylar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, saýlaw möwsüminiň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde başlanýandygy yglan edildi. 8-nji maý — 6-njy iýun aralygynda dalaşgärleri hödürlemek işi alnyp barlar. Olary hasaba almak bolsa 18-nji maý — 11-nji iýun aralygynda geçiriler.

Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek babatda alnyp barylýan işler boýunça merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi. Demokratik ýörelgeleriň hereket edýän kanunçylyk namalarynyň we halk demokratiýasynyň ýüzýyllyklardan gaýdýan milli däpleriniň, saýlawçylaryň hem-de dalaşgärleriň deň hukuklarynyň, raýatlaryň erk-isleglerini erkin beýan etmeginiň üpjün edilmeginiň esasynda amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde beýleki guramaçylyk meselelerine-de garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow