Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
Jemgyýet
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
Çap edildi 24.04.2024
1124

Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilýär. Häzirki taryhy döwürde özboluşly däpleri müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi we ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sany barha artýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hem täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň gerimli işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň her ýyl geçirilýän mejlislerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilýär we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garalýar. Bu mejlisler özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy täze pikirlerdir bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, forum özüni atşynaslaryň, ugurdaş hünärmenleriň, alym-ippologlaryň, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dürli ýurtlardaky muşdaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança hökmünde görkezdi.

Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär. Pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, zehinli atşynas Aba Annaýewiň ady dakyldy. Munuň özi ýurdumyzda tejribeli halypalara, öz işine wepaly ussatlara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Akademiýanyň golaýynda ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurlandygyny bellemek gerek. Şeýle-de Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki ýerleşýär. Ýurdumyzyň sirk sungatyny ösdürmekde, milli at üstündäki oýunlary giňden wagyz etmekde bu düzüme aýratyn möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde bina edilen täze şäheriň atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny nygtamaly.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisine gabatlanyp, sergi guraldy. Onda behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk, zergärçilik sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi. Pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ahalteke atlaryny has-da kämilleşdiripdirler, olaryň arassaganlylygyny saklap gelipdirler. Ahalteke bedewleriniň kämil beden gurluşy, gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy, asylly gylyklary, eýesine wepalylygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi tutuş dünýäde ykrar edilýär.

Behişdi bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň wepaly dosty, hemrasy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelipdi we şeýle bolmagynda-da galýar. Halkymyzda seýisçilik däpleri nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Bu gün behişdi bedewler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bularyň hemmesi şu günki sergide görkezilen ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapdy.

Ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen forumyň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda assosiasiýanyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri, oňa täze agzalary kabul etmek, ahalteke atçylygyny ösdürmek we ony halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, degişli guramaçylyk meselelerine garaldy.

Nygtalyşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda-da ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde dabaraly bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda atçylygy we ugurdaş ylmy ösdürmek, seçgiçilik işini kämilleşdirmek, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, arassa ganly behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportuny höweslendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen atşynaslarynyň we seçgiçileriniň köp nesilleriniň tagallalary bilen döredilen behişdi bedewleriň janly sungat eseri hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy. Asyrlaryň dowamynda kemala getirilen özboluşly däp-dessurlar, şol sanda atlary bezemek däbi ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Ussat zergärler tarapyndan gymmat bahaly metallardan, daşlardan sünnälenip ýasalan şaý-sepler bedewleriň gözelligini inçelik bilen görkezýär. Indi bu däpler umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Onuň agzalary ahalteke atçylygynyň diňe bir öz ýurtlarynda däl, eýsem, dünýä derejesinde-de giňden wagyz edilmegine uly goşant goşýarlar.

Mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Jeýkob Ferdezuçt GBR” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob çykyş etdi. Ol şu günler Aşgabatda bolmak mümkinçiligine örän şatdygyny belledi.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň öz baý medeni mirasyna ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygy nygtaldy. Myhman atşynaslygyň we at üstündäki oýunlaryň köpasyrlyk taryhynyň bardygyny belledi. Olar adamlaryň durmuşy, däp-dessurlary, daşky gurşawy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Atly sport barada aýdylanda bolsa, ol yzygiderli ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Sportuň bu görnüşiniň aýratynlygy diňe bir jogapkärçilik, köpçülik bilen işleşmek ýaly häsiýetleri terbiýelemän, eýsem, haýwanlara we tebigata hormat bilen garamagy hem öwredýänliginde jemlenýär. Hut şonuň üçin-de sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Atly sport bilen meşgullanmak, dürli ýaşdaky adamlaryň at münmek başarnyklaryny ele almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ýakob bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem behişdi bedewleri dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, her ýyl Ýewropa ýurtlarynda ýetişdirilýän arassa ganly ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň guralýandygy nygtaldy. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýewropaly atşynaslar üçin-de buýsançly waka boldy. Myhman assosiasiýanyň agzalarynyň hem-de öz kärdeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen atşynaslaryny bu şanly waka, şeýle-de behişdi bedewleriň hormatyna guralýan ajaýyp baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Ýaponiýanyň “Akhal-teke Affinity Сo.Ltd” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoeniň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Dostlukly ýurduň wekili hormatly Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Gözelligi bilen haýran galdyrýan ahalteke bedewleriniň dünýä atçylygynda naýbaşy tohumdygy, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň güwäsidigi we onuň taryhynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi.

Hanym Miçiko Aoeniň nygtaýşy ýaly, ol Ýaponiýada behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanmagy özi üçin bagt hasaplaýar. “Akhal-teke Affinity Сo.Ltd” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy assosiasiýanyň agzasy hökmünde behişdi bedewleriň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Pudagyň zähmetkeşleri hormatly adyň dakylmagy, netijeli işlemekleri üçin döredilýän şertler, hemmetaraplaýyn goldawlar üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan täze agzalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň daşary ýurtly täze agzalarynyň — Hytaý Halk Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.

“Shandong Zhonging Happiness Сentennial Investment” (HHR) kompaniýalar toparynyň baş direktory Ýang Weiking öz çykyşynda assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, munuň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, türkmen bedewleri hemişe-de görenleri haýran galdyrypdyr. Olar Gündogar halklarynda, şol sanda Hytaýda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu günki gün Hytaýda behişdi bedewleriň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtda köp ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary giňden wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Jenap Ýang Weiking assosiasiýanyň agzasy hökmünde onuň alyp barýan işine anyk goşant goşjakdygyna ynandyryp, hytaýly atşynaslaryň adyndan döwlet Baştutanymyzy, şeýle hem pudagyň ähli zähmetkeşlerini ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň At çapyşyklary federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Hakim Beiramiigderiň çykyşy diňlenildi.

Dostlukly goňşy ýurduň wekili assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, watany türkmen topragy bolan behişdi bedewlere tutuş dünýäde gadymy döwürlerden bäri ýokary baha berlip gelinýändigini nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda atçylyk pudagynda uly üstünlikleri gazanýandygy bellenildi.

Eýranyň At çapyşyklary federasiýasynyň başlygynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimizi ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, baý milli mirasy gorap saklamak boýunça alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de türkmen atşynaslaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Mejlisiň dowamynda assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilen ildeşlerimiz hem döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mejlisiň jemleri jemlenende, bu gün ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm meselelerine garalandygy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslarynyň, alymlarynyň, beýleki ugurdaş hünärmenleriniň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandyklary bellenildi. Munuň özi ahalteke bedewlerini, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy ornuny çuňňur öwrenmäge, behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek babatda mundan beýläk-de özara tejribe alyşmaga ýardam edip, bedewleriň muşdaklarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işlere täze itergi berer.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli hem umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi öz işini tamamlady.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow