Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Çap edildi 24.04.2024
2390

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň saparynyň türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly taslamalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saparyň jemleriniň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Germaniýa lukmançylyk senagaty, oba hojalygy, bank ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ençemesi uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.

Duşuşygyň dowamynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” ähmiýetini belledi. Ol energetikada, himiýa senagatynda, obasenagat toplumynda, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesinde, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär. Söhbetdeşler German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti arkaly nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda myhman Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşynyň nemes işewürleriniň arasynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Onda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyk beýan edildi we özara gatnaşyklary ilerletmek üçin teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşinde Berlinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň, bilelikdäki işewürlik forumynyň netijeli häsiýetine aýratyn üns çekildi.

Germaniýanyň “Goetzpartners” kompaniýasynyň wekilleriniň şu ýylyň başynda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoryny bar bolan mümkinçiliklerden, şol sanda ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl” energetika, inklýuziw we “akylly” şäherleri gurmak ulgamynda döreýän mümkinçiliklerden has giňden peýdalanmaga çagyrdy hem-de komitetiň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Myhman tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.01
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21.01
Ý.B.Nuryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
I.M.Ilamanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
21.01
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.01
Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
21.01
Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
20.01
SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara
20.01
Halkyň ruhy mirasy häzirki zaman ylmy barlaglarynyň beýanynda
19.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow