Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Çap edildi 15.03.2017
1473

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet saparynyň barşynda Dohoda geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra kataryň Emiri bilen Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Soňra döwlet Baştutanymyz “Al Şakab” belli atçylyk-sport toplumynyň işiniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutany dünýä belli atçylyk sport toplumy bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimize ýörite ýataklary bolan athanalary, dürli ölçegdäki manežleri, konkur we atlary gezdirmek üçin açyk meýdançalar, tomaşa münberleri, ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen bölümleri, atlara ýokary derejeli ideg edilýän otaglary bolan atçylyk-sport toplumynyň düzümine girýän her bir desganyň gurluşy we ähmiýetli aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem bedewlere aýratyn gadyr goýýan we tejribeli çapyksuwar döwlet Baştutanymyz katar hünärmenleriniň atlary taýýarlamak hem-de seýislemek bilen baglanyşykly usullary we ýörelgeleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan tohumçylyk-seçgi işleri we at çapmagyň syrlarynyň öwredilişi bilen gyzyklandy. Ýapyk manežde milli Liderimize has saýlama bedewler görkezildi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini gutlady
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
top-arrow