Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri başlandy
Syýasy habarlar
Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri başlandy
Çap edildi 15.03.2017
1527

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Doha şäheriniň howa menziline hormat garawulynyň nyzama düzülen uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha”. kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugraýar. Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýere geçýärler. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň we Kataryň Döwlet senalary ýaňlanýar. Nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary esgerleriň öňünden geçýärler we Kataryň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar. Soňra Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köşge girýärler. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany Kataryň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Kataryň Emiri hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýar. Resmi çäre tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary Uly mejlisler zalyna barýarlar, bu ýerde iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow