Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kataryň paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny geçirmegiň Konsepsiýasy görkezildi
Syýasy habarlar
Kataryň paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny geçirmegiň Konsepsiýasy görkezildi
Çap edildi 14.03.2017
1406

Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistan üçin 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edýändigini nazara alanyňda möhüm bolup durýar diýlip, Dohada ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynda bellenildi. Bu ýerde Oýunlary geçirmegiň konsepsiýasy görkezildi. Şol Oýunlar Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda iri çäre bolup,ol kontinental ýaryşlaryň çäklerinden çykar—oňa ilkinji gezek diňe Aziýa ýurtlaryndan däl-de, eýsem, Okeaniýa ýurtlaryndan toparlar gatnaşarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Ozalky Oýunlarda sportuň diňe 12 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilip, olara dünýäniň 43 ýurdundan türgenler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen maksatnamasyna türkmen milli göreşi hem-de atçylyk sportunyň meşhur görnüşi—konkur giren Aziada-2017-de dünýä döwletleriniň 62-sinden türgenler bäsleşerler. Türkmen tarapynyň wekilleri bu ýere ýygnananlary türkmen paýtagtynda bina edilen we Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk iri Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşdyrdylar. Ähli ýaryşlar desgalaryň 30-a golaýynyň meýdançalarynda geçiriler. Aziada gatnaşmak üçin Aşgabada gelmegine garaşylýan myhmanlaryň umumy sany türgenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini we beýlekileri goşmak bilen 8 müňden gowraga barabardyr.Oýunlara hyzmat etmäge 8 müňden gowrak meýletinçi gatnaşdyrylar. Sport toplumynyň binýadynda eýýäm ýaryşlaryň birnäçesi, şol sanda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, basketbol, tennis, ýeňil atletika we jiu-jitsu boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Garaşylyşy ýaly, aprel aýynda synag ýaryşlarynyň ýene-de üçüsi geçiriler, olaryň ikisi agyr atletika we boks boýunça Aziýa çempionatlary bolar. Öz nobatynda türkmen wekiliýeti Katarda 2022-nji ýylda futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görülişiniň barşy, stadionlaryň hem-de beýleki düzümleýin desgalaryň, şol sanda ulag desgalarynyň gurluşygy bilen tanyşdyryldy. Futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-ä ibermek, miras we taýýarlyk görmek baradaky Ýokary komitetiň taslamalar boýunça menejeri Muhammed Almulah V Aziýa oýunlary türkmen döwletine dünýäniň sport ulgamynda halkara derejeli uly möçberli sport ýaryşlaryny gurap bilýän ýurt hökmünde mynasyp orun tutmaga hem mümkinçilik berjekdigini belledi. Şu babatda Katar Döwletiniň Aziýada-2017-ni guramaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow